Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwisti tussag edildi


Anna güni Azerbaýjanyň sudy ýakynda Bakuda protest demonstrasiýasyny gurnan “Nida” atly raýat hereketiniň agzasy Raşad Hasanowy suda çenli üç aý tussag izolýatorynda saklamak barada karar çykardy.

Penşenbe güni Raşad Hasanow bilen birlikde düýbi ABŞ-da ýerleşýän Milli demokratik institutyň işgäri Ruslan Asad hem tussag edilipdi. Ýöne Ruslan Asad tiz wagtdan boşadyldy.

Tussaglykda galan Raşad Hasanowyň adwokaty oňa Azerbaýjanyň kanun goraýjy organlarynyň bikanun ýarag saklamakda aýyplama bildirýändiklerini aýdýar.

10-njy martda Bakuda geçirilen protest demonstrasiýasynyň öňýany organ işgärleri bu graždan hereketiniň ýene üç agzasyny ýarag we neşe maddalaryny saklamakda aýyplap, tussag etdiler.

Bu hereketiň ýolbaşçylary bu tussag edişlikleri syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip häsiýetlendirýärler.
XS
SM
MD
LG