Sepleriň elýeterliligi

Türkmen goşuny: Goranyş ukyby nähili?


Türkmenistanyň Baş harby serkerdesi Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat, 2012 ý.

Türkmenistanyň Baş harby serkerdesi Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat, 2012 ý.

Halkara Strategiki barlaglar instituty (HSBI) 2013-nji ýylyň harby balansyny, dünýäniň 171 ýurdunyň harby ukyplylygy we goranyş ykdysadyýetleri baradaky ýyllyk hasabatyny çap etdi.

Bu synda Türkmenistanyň hem harby ýagdaýyna nazar aýlanýar.

Halkara Strategiki barlaglar inistitutynyň 2013-nji ýylyň harby balansyna bagyşlan ýyllyk synynyň Türkmenistan bölüminde bu ýurduň goşunyndaky aktiw harbylaryň sanynyň 22 müň adamdan ybaratdagy aýdylýar.

Aktiw harbylar

“Aktiw harbylar” diýlende, Ýaragly güýçleriň hataryndaky ofiserleriň we wagtlaýyn harby gulluga çagyrylanlaryň ählisi nazarda tutulýar.

Şol diýilýän 22 müň harbynyň 18 müň 500-si Türkmenistanyň Gury ýer goşunlarynda, 500-si Harby-deňiz güýçleriniň hatarynda, 3 müňüsi bolsa, Harby-howa güýçleriniň hatarynda gulluk edýär.
Garaşsyzlyk günündäki Harby parad mahalynda. Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2012 ý.

Garaşsyzlyk günündäki Harby parad mahalynda. Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2012 ý.


Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleri kenar goragçylygyny hem öz içine alyp, häzir Türkmenbaşydaky kiçiräk bazada ýerleşýär. Emma Kaspi deňziniň flotiliýasy ors, gazak we türkmen deňizçi esgerleriniň goşulyşmagynda, ors kamandasynyň astynda, bilelikde hereket edýär diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda türkmen deňiz güýçleriniň 10 sany patrol we kanar söweş gämisiniň bardygy, howa güýçleriniň bolsa 94 sany söweş ukyply uçara eýedigi bellenýär.

Hasabatda Türkmenistanyň Gury ýer goşunlarynda bar bolan harby-tehnikanyň we ýaraglaryň sanlary hem getirilýär.

22 müňmi ýa 100 müň?

Ýerli synçy A.Bugaýew Türkmenistanda harby meseleler boýunça açyk statistiki maglumatlaryň çap edilmeýändigini, ýöne Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda guluk edýän harbylaryň sanynyň 100 müň çemesi bolmagynyň ähtimaldygyny, bu barada öňki prezident S.Nyýazowyň käte anyk sanlary hem aýdandygyny ýatlaýar:

"Öňki prezident Nyýazow käwagt agzyndan gaçyrýardy: "Biz goşunymyzyň sanyny 100 müňden azaltmarys, esasy maksadymyz ýurduň serhedini goramak hem ýurduň içinde parahatçylgy gorap saklamak" diýip."

Halkara Startegiki barlag institutynyň ýyllyk synynda “Türkmenistanyň hökmany harby borçlulyga daýanýan Ýaragly güýçleri tälim-türgenleşik okuwlarynyň ýetmezçiliginden başlap, ýaraglaryň we harby enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň azlygyna çenli bir topar kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýilýär.

"Abadan" sapagyndan soň

Ýerli synçy A.Bugaýew bu meselede Abadan wakalarynyň ýurt üçin uly sapak bolandygyny ýatlap, soňky döwürde ilatly punktlara ýakyn ýerlerdäki harby bölümleriň adamlaryň ýaşaýan ýerinden uzagrak aralyga göçürilendigini gürrüň berdi.
Harby parad mahalynda. Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2012 ý.

Harby parad mahalynda. Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2012 ý.


Şonuň bilen birlikde, ýerli synçy soňky ýyllarda ýurtda harby türgenleşiklere berilýän ünsüň Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende birneme gowulanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Sowet goşununda we soňra milli respublikalarda döredilen ýaragly güýçleriň hatarynda ýaş esgerleri ezmek meselesi Orsýet ýaly ýerlerde soldat eneleriniň guramasynyň döredilmegine çenli alyp geldi.

Bu mesele Türkmenistanda-da bar we hatda goşunda öz gullukdaşlary ýa ofiserleri tarapyndan maýyp edilýän, öldürilýän esgerleriň hem bardygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýöne synçy Bugaýew il içinde “dedowşina” diýilýäniň hem kem-kemden azalýandygy barada gürrüň edilýändigini habar berdi.

Sowet ýarag mirasy

Halkara Strategiki barlaglar institutynyň synynda türkmen goşunlarynyň henizem köplenç babatda sowet döwrüniň harby enjamlaryna daýanýandygy bellenilýär.

Munuň üstesine, Türkmenistanyň Harby-howa güýçleriniň söweş uçarlarynyň we wertolýotlarynyň sanynyň çäklidigi, şol bir wagtda olaryň işe, uçuşa ýaramlylygynyň nämälimdigi aýdylýar.

Şeýlelikde, synda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň ýurduň territoriýasyndan daşardaky operasiýalara gatnaşmak mümkinçiliginiň azdygy hem bellenilip geçilýär.

Ýerli synçy A.Bugaýew synyň bu bahasy bilen ylalaşyp, harby parad wagtynda görýän zatlarynyň sowet döwründe gözüniň öwrenişen zatlardygyny, ýagny ozalky harby-tehnikadygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň diňe goranyş maksatlydygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG