Sepleriň elýeterliligi

Detroýte krizis menejeri bellendi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Miçigan ştatynyň gubernatory bu ştatyň Detroýt şäherini adatdan daşary sosial we ykdysady krizisden çykarmak maksady bilen şähere ýörite krizis menejerini belledi. Bu adatdan daşary täze wezipä 54 ýaşly tanymal ýurist Kewin Orr bellendi.

Kewin Orr mundan ozal “Chrysler” kompaniýasynda reformalary üstünlikli amala aşyrmakda özüni başarnykly ýurist we krizis menejeri hökmünde tanadypdy.

1950-60-njy ýyllarda özüniň maşyn gurluşyk senagaty bilen iň bir öňdebaryjy şäher hökmünde tanalan Detroýt şäheri şu günki gün 327 million dollar býujet defisiti we 14 milliard dollar maliýe bergisi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

1950-nji ýyllarda 2 million ilaty bolan bu şäherde şu günki gün 700 müň ilat galdy. Muňa bu şäheriň, esasan, senagat we maşyn gurluşyk pudagyndaky maliýe krizisi sebäp boldy.

Şäheriň krizis menejeri wezipesine bellenen ýürist Kewin Orr Detroýt şäherini bu krizisden çykarmak ugrundaky çärelerde şäher meriniň belli bir ygtyýarlyklaryny öz üstüne alar.
XS
SM
MD
LG