Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky ýitgileriň hasabaty çykdy


“The Lancet” atly halkara medisina žurnalynyň täze hasabatynda 2003-nji ýyl bilen 2011-nji ýyl aralygynda Yrakdaky ýaragly konfliktlerde azyndan 116 müň sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi aýdylýar.

Mundan daşary, žurnal şu döwürde Yrakda 4 müň 800 töweregi daşary ýurt harbysynyň-da ölendigini belleýär. “The Lancet” žurnalynda çap edilen bu görkezijiler amerikaly iki sany medisina professorynyň toplan maglumatlary esasynda taýýarlanypdyr.

Bu medisina professorlarynyň beýleki barlaglaryň we hasabatlaryň esasynda taýýarlan maglumatynda Yragyň saglygy saklaýyş infrastrukturasyna ýetirilen zyýan netijesinde ýüz müňlerçe parahat ýaşaýjynyň näsag ýagdaýda galýandygy aýdylýar.

“The Lancet” žurnalyndaky bu maglumatda Birleşen Ştatlaryň Yrakda alyp baran harby operasiýalarynyň şu günki güne çenli 810 milliard dollar çykdaja durandygy-da bellenilýär.
XS
SM
MD
LG