Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB embargo meselesini maslahatlaşýar


Anna güni Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleri Siriýadaky oppozision söweşijilere ýarag berilmegini gadagan edýän embargony ýatyryp-ýatyrmazlyk meselesini maslahatlaşmak üçin Brýusselde maslahata ýygnandylar.

Bu maslahat Fransiýanyň bu embargony ýatyrmak baradaky çagyryşy esasynda gurnaldy.

Bu wakanyň öňýany eden çykyşynda Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Siriýanyň režiminiň dowam edýän konfliktlere syýasy çözgüt tapmaga asla gyzyklanma bildirmeýändigini öňe sürüp, Ýewropanyň Siriýadaky “gyrgynçylyklara” passiw ýagdaýda syn edip oturmaly däldigini nygtady.

Fransiýa hatda Ýewropa Bileleşiginiň embargosy ýatyrylmasa-da, özüniň Siriýadaky oppozision söweşijileri ýarag bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýdýar.

Britaniýa hem siriýaly söweşijileriň ýarag bilen üpjün edilmegini goldaýar. Emma Bileleşigiň beýleki agzalary, şol sanda Germaniýa hem beýle çärelere tutanýerli garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG