Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahid: Halkara gözegçiligi Eýranda adam hukuklaryna oňyn täsir ýetirdi


BMG-niň Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite dokladçysy Ahmet Şahid
BMG-niň Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite dokladçysy Ahmet Şahid
BMG-niň Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite dokladçysy özüniň alyp barýan işiniň Eýran Yslam Respublikasynda adam hukuklarynyň ýagdaýyna pozitiw täsir ýetirendigini aýdýar. Ahmet Şahid şu hepdäniň başynda Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde soňky hasabaty bilen çykyş etdi. Ol AÝ/AR bilen söbetdeşliginde ölüm jezasyna höküm edilen birnäçe eýranlynyň ölümden halas bolandygyny aýtdy. BMG Şahidiň mandatynyň möhletini uzaltmak üçin şu aýyň aýagynda ses berişlik geçirmekçi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň bu wezipede alyp baran işleriňiziň täsiri boldumy? Siziň berýän hasabatlaryňyz Eýranda ynsan hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir ýetirip bildimi?

Ahmet Şahid: Meniň pikirimçe, ýagdaýa syn edilip, hasabatlaryň berlip durmagy öz täsirini ýetirdi. Bolan özgerişlikler ölüm jezasyna höküm edilen käbir eýranlylaryň bu jezanyň ýerine ýetirilmän, ölümden gutulmagy bilen bagly. Hökümetiň käbir problemalara üns beren pursatlary-da boldy. Şeýlelikde Eýrana daşardan edilýän gözegçilik hökümetiň has seresaply hereket etmegine itergi berdi. Geçen ýylda biz pastor Ýosef Naderkaniniň tussag edilmegine aladalanma bildiripdik, netijede ol boşadyldy. Häzir Eýranyň resmi häkimiýetleri blogçy we Faсebookda aktiw çykyş eden Sattar Beestiniň tussaglykda öldürilendigini boýun aldylar we bu wakanyň barlanmagynyň zerurdygy bilen ylalaşdylar.

Şeýlelikde adamlaryň Eýrandaky problemalary gozgap, bu barada habar bermeginiň täsiri bar diýip pikir edýarin. Eýrandaky ýagdaýa üns bermeli, sebäbi Eýran özüni global derejede ähmiýetli ýurt hasaplaýar we öz abraýyny galdyrmaga çalyşýar. Ýurduň raýatlarynyň öz durmuşyndaky kynçylyklar barada köpçüligiň habarlydygyna göz ýetirip, olaryň özlerini has howpsuz duýmagyny gazanmak örän ähmiýetli meseledir.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýyna üns artsa-da, siziň soňky hasabatyňyzda ýurtdaky ýagdaýyň ýaramazlaşýandygy aýdylýar.

Ahmet Şahid: Hawa, dogry. Emma bu ýurtdaky ýagdaý barada hasabat berilmegi bilen bagly däl. Berilýän bahalar ýurduň içinde bar bolan problemalara bagly, olar soňky saýlawlardan soň başlanan protestlere bagly, metbugat azatlygynyň, žurnalistleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we syýasy azatlyklaryň bozulmagy bilen bagly. Bu ugurdan bar bolan kynçylyklar dowam edýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz gysga wagtyň içinde Eýranyň birinji nomerli duşmanyna öwrüldiňiz. Sizi parahorlukda aýypladylar, terroçylar bilen gatnaşykda günälediler we oppozision aktiwist hökmünde görkezmäge çalyşdylar. Näme sebäpden Eýran size şonça aýyplamalary ýöňkeýär diýip pikir edýärsişiz?

Ahmet Şahid: Meniň pikirimçe, bu, eýran hökümetiniň tankytlary kabul etmek islemeýändigi bilen bagly. Sebäbi meniň hasabatlarymda hökümetiň hereketi barada tankydy maglumatlar berilýär. Bu bolsa olaryň göwnünden turmaýar. Meniň pikirimçe, ýakyn günlerde metbugatda meniň adyma edilen kommentarileriň maksady esasy ünsi biziň resmi toparymyza gönükdirip, ýurtda bar bolan problemalardan ünsi sowmakdan ybarat. Emma bu çykyşlar netije bermedi. Hatda gözegçilik missiýasyna adatça garşy bolýan ýurtlar-da Eýrany [biz bilen] işleşmäge ündedi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Eýrana barman, ýurduň ynsan hukuklaryny berjaý edişine netijeli gözegçilik etmek mümkinmi?

Ahmet Şahid: Men netijeli işleýärin, şol bir wagtda-da ýurda baryp görmek hem örän möhüm. Bu, alnyp barylýan işleriň ähmiýetini artdyrardy, emma şonda-da häzirki usullary ulanmazdan, işi netijeli berjaý edip bolmazdy. Meniň aýtjak bolýan zadym, eger men ýurda baraýanymda-da, adamlaryň meniň bilen erkin, gorkman we açyk gepleşip biljegine garaşmak kyn. Adamlar repressiýalardan gorkýarlar. Meniň häzirki wagtda ulanýan usulym bolan elektron serişdeleri ýurduň içindäki ýüzlerçe adam bilen olar üçin howpsuz ýol arkaly aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berýär. Emma mende türmelere baryp görmek, suda gatnaşýanlar bilen gepleşmek, sud diňlenişiklerine gatnaşmak we hökümet edaralaryna barmak mümkinçiligi bolan ýagdaýynda, elbetde, meniň elimde has doly maglumat bolardy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz ykdysady sanksiýalaryň negatiw gumanitar täsir ýetirip biljegini aýtdyňyz. Sanksiýalar graždan jemgyýetçiligine zeper ýetirip, Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp bilermi?

Ahmet Şahid: Elbetde. Meniň pikirimçe, uzak möhletli sanksiýalar graždan jemgyýetçiligine negatiw täsir ýetirip biler. Eger sanksiýalar puluň hümmetiniň gaçmagyna getirýän bolsa, bu adamlara ykdysady we jemgyýetçilik taýdan zarba urýar. Azyk, derman ýetmezçiliginden, adatça, jemgyýetiň iň garyp gatlaklary ejir çekýär. Men häzir söwda sanksiýalarynyň Eýrana ýetirýän täsiriniň möçberini kesgitläp biljek däl, sebäbi resmi maglumatlar maňa elýeterli däl. Men Eýranyň hökümetinden şeýle maglumatlaryň berilmegini soraýaryn.
XS
SM
MD
LG