Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Bir dünýäde” türkmenler ýok


"Bir dünýäde" film festiwalynyň posteri

"Bir dünýäde" film festiwalynyň posteri

Pragada “Bir dünýä” atly halkara kino festiwaly geçdi. On günden gowrak wagta çeken bu festiwal öz gozgaýan meseleleri boýunça beýleki festiwallardan düýpli tapawutlanýar. Bu ýerde dabara hem şowhun-şagalaň az. Şeýle-de bolsa, onuň tomaşaçysy ýeterlik.

Bu festiwalda esasan dokumental filmler, aýratyn-da ynsan hukuklary bilen baglanyşykly şekiller görkezilýär. Ol ýerde gumanitar meseleler, dünýä halklarynyň başyndan inýän dürli kynçylyklar, demokratiýanyň gysylyşy, adamlara zorluk hem basyş edilmegi, çagalaryň hem ýaşlaryň ezilmegi, syýasy konfliktler arkaly ynsanyýete gelýän agyr howplar baradaky dokumental şekiller görkezildi.

Festiwalyň çäginde çeh telewideniýesinde hem metbugatynda köp sanly maglumatlar berildi. Filmler paýtagtyň hem uly şäherleriň kino zallarynda görkezildi. Filmi döredijiler hem oňa gatnaşyjylar bilen duşuşyklar bolup, dürli çekişmeler guraldy.

Görkezilýän filmlerden daşary-da, dünýäniň horluk çekýän halklarynyň hatyrasyna dürli konsertler guralyp, söwda işleri ýola goýuldy.

Festiwal 1999-njy ýyldan bäri geçirilýär. Onuň esasy guraýjylarynyň biri Çehiýada hereket edýän “Ynsan gysyş astynda”, çehçe atlandyrylyşy “Çlowek w tiisti” atly ynsan hukuklaryny goraýjy halkara gurama boldy. Häzirki wagtda bu festiwal Ýewropada abraýly çäreleriň birine öwrüldi.

Bu ýylky festiwala emin agzasy hökmünde gatnaşyjy, gyrgyzystanly kino hem teatr režisýory, türkmen sungatyny ýakyndan tanaýan Temir Birnazarow bilen gürrüňdeş bolduk.

XS
SM
MD
LG