Sepleriň elýeterliligi

ABŞ radar sistemasyny artdyrmakçy


Demirgazyk Koreýanyň ýakynda ýadro hüjümini etmeginiň mümkindigi barada atan haýbatyna jogap edip, anna güni Waşington raketalara garşy radar sistemalarynyň sanyny artdyrmakçydygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel bahasy 1 milliard dollara durjak bu raketa gorag sistemasynyň Demirgazyk Koreýanyň we Eýranyň raketa tehnologiýasynyň ösüşinden birneme öňde bolmaklygy maksat edinýändigini aýtdy.

Bu täze plan boýunça Birleşen Ştatlaryň günbatar kenar ýakalarynda 14 sany täze howa gorag sistemasyny ýerleşdirmeklik göz öňünde tutulýar.

Mundan daşary, Birleşen Ştatlar şular ýaly howa gorag sistemasyny Ýaponiýada-da ýerleşdirmek isleýär. Häzirki wagt Alýaskada we Kaliforniýada Birleşen Ştatlaryň jemi 30 sany howa gorag sistemasy bar.
XS
SM
MD
LG