Sepleriň elýeterliligi

Ýüpek ýoly forumy tamamlandy


Anna güni Aşgabatda “Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: taryhdan geljege tarap” ady bilen geçirilen halkara konferensiýasy tamamlandy.

Bu konferensiýanyň işine dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň, Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Pakistanyň, Portugaliýanyň we ençeme beýleki ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleriniň we okuw jaýlarynyň belli spesialistleri gatnaşdylar.

Forumda, esasan, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň oýnan roluna hem-de onuň häzirkizamanyň şertlerinde gaýtadan dikelmek tendensiýasyna ylmy baha bermek boýunça pikir alşylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG