Sepleriň elýeterliligi

Rus harbylary 5 söweşijini öldürdi


Anna güni Orsýetiň resmileri Çeçenistan bilen Inguşystanyň serhet ýakasynda ýüz beren atyşyklarda bäş sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini mälim etdiler.

Orsýetiň terrorizme garşy göreş Komitetiniň bir resmisiniň mälim etmegine görä, bu atyşyklar anna güni Federal Howpsuzlyk gullugynyň we Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň bu serhetýaka regionda operasiýa geçirýän wagty ýüze çykypdyr.

Bu operasiýanyň barşynda bikanun ýaragly topara degişli 15 sany söweşijiniň Çeçenistan bilen Inguşystanyň serhetýaka raýonynda ýerleşýändikleri anyklanylypdyr. Atyşyklarda bäş sany söweşijiniň öldürilendigi aýdylsa-da, beýleki söweşijileriň ýagdaýy barada anyk maglumat alynmady.

Bu wakanyň fonunda anna güni Çeçenistanda Orsýetiň Serhet gullugyna degişli bir wertolýotyň ýaramaz howa şertlerinde gonmakçy bolanda heläkçilige uçramagy netijesinde ondaky dört adamdan üçüsi heläk boldy.
XS
SM
MD
LG