Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda täze Kabinet tassyklandy


Şenbe güni Hytaýyň halk deputatlarynyň Gurultaýy ýurduň täze Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak işini tamamlady.

Ministrler Kabinetiniň düzümine Hytaýyň weteran syýasatçylarynyň 40-a golaýy girdi. Şenbe güni Gurultaýyň maslahatynda ýurduň maliýe, söwda we daşary işler ministrleriniň wezipelerine-de täze adamlar bellendi.

Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine mundan ozal Demirgazyk Koreýanyň ýaragsyzlanmak meselesi boýunça iş alyp baran we Hytaýyň Taýwan bilen gatnaşyklarynyň täzeçe ýola goýulmak prosesine öňbaşçylyk eden Wang Ýi bellendi.

Bu maslahatda Hytaýyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Jou Sioçuan öz wezipesinde galdyryldy.

Ministrler Kabinetiniň düzüminiň tassyklanmagy bilen Hytaýda häkimiýeti kommunist liderleriň täze nesline tabşyrmak ugrundaky çäreler doly amala aşyryldy diýlip hasaplanylýar.

Hytaýda häkimiýetiň durkuny şular ýaly doly derejede täzelemek prosesi her on ýylda bir gezek amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG