Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Turist zenan toparlaýyn zorlandy


Hindistanyň polisiýasy dekabr aýynda student gyzyň zorlanmagynda aýyplanýanlardan biriniň maşgalasyna sapar edýär. Nýu-Deli, 11-nji mart, 2013.

Hindistanyň polisiýasy dekabr aýynda student gyzyň zorlanmagynda aýyplanýanlardan biriniň maşgalasyna sapar edýär. Nýu-Deli, 11-nji mart, 2013.

Hindistanyň polisiýasy şweýsariýaly bir turist aýalyň öz adamsy bilen welosipedli syýahat edip ýören wagty bu ýurduň bir oba ýerinde toparlaýyn jynsy taýdan zorlanandygyny mälim etdi.

Hindistanyň merkezindäki Madhýa Pradeş ştatynyň polisiýasy bu wakada anna güni giçlik elleri taýakly ýedi-sekiz sany erkek kişiniň bu är-aýala hüjüm edendiklerini aýdýar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, hüjüm edenler bu aýalyň adamsynyň elini-aýagyny daňyp, onuň 39 ýaşly aýalyny-da toparlaýyn jynsy taýdan zorlapdyrlar. Bu wakada hüjümçiler şweýsariýaly är-aýalyň puluny, noutbuk kompýuterini we mobil telefonlaryny-da alyp gidipdirler.

Maglumata görä, şweýsariýaly är-aýal Hindistanyň Orçha şäherinden Agradaky Täç-Mahal mawzoleýine tarap welosipedli barýan ekenler. Olar ýolda bir tokaýlykda düşlänlerinde, olara şeýle hüjüm edilipdir.

Derňew alnyp barylýar

Ýerli polisiýa edarasynyň ofiseri häzirki wagt bu ejir çeken är-aýalyň medisina barlaglaryndan geçmekleri üçin klinika ýollanandygyny we bu bolan waka boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şenbe güni Hindistanyň telewideniýesi bu wakanyň bolan ýerinde, tokaýlykda polisiýa işgärleriniň bir toparynyň gözleg we derňew işlerini alyp barýandyklaryny görkezdi. Şeýle hem, telewideniýe polisiýanyň eýýäm bu waka boýunça onlarça adamy saklap, olary sorag edendiklerini habar berdi.

Ýakynda, geçen ýylyň dekabrynda Nýu-Deli şäherinde 23 ýaşly bir ýerli student gyzyň toparlaýyn jynsy taýdan zorlanmagy we onuň ölümi bilen baglanyşykly waka jemgyýetçilik gazar-gazabynyň möwç almagyna sebäp bolupdy.

Şol wakadan bäri Hindistanyň dürli ýerlerinde aýal-gyzlara garşy zorluklaryň ýaýramagyna ýol berýän adatlara we tendensiýalara garşy protest bildirilip, köpsanly demonstrasiýalar geçirildi.
XS
SM
MD
LG