Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hökümetiň möhleti tamamlandy


Şenbe güni Pakistanyň taryhynda ilkinji gezek raýat hökümetiniň öz ornundan gitmän, öz bäş ýyllyk kanuny möhletini tamamlamasy hökmünde alamatlandy.

1947-nji ýylda öz garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri Pakistan üç gezek häkimiýetiň harby taýdan agdarylyşygyny başdan geçirdi. Ýarym asyrdan gowrak taryhy döwrüň ýarsyna golaýy harbylaryň dolandyryşy astynda geçdi.

Beýleki ýyllarda hem kanuny ýol bilen saýlanan hökümetlerden hiç biri şu çaka çenli bäş ýyllyk möhletiniň ahyryna çenli saklanmandy. Muna ýurtdaky dürli hili syýasy we harby krizisler sebäp bolupdy.

Pakistanyň häzirki premýer-ministri Raja Perwez Aşraf öz hökümetiniň köp problemalaryň hötdesinden gelip bilmändigini boýun aldy.

Emma, muňa garamazdan, ol häzirki hökümetiň ilkinji gezek bäş ýyllyk kanuny möhletiniň ahyryna çenli saklanmagyny demokratiýanyň ýeňşi hökmünde häsiýetlendirdi.

Bäş ýyl mundan ozal demokratik saýlaw ýoly bilen saýlanan häzirki hökümet indi öz ornundan gitmeli we maý aýyndaky saýlawlardan soň onuň ornuna täze hökümet gelmeli.
XS
SM
MD
LG