Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Täze premýer planlar hakda gürledi


Hytaýyň premýer-ministri wezipesine täze saýlanan Li Kesýan ýekşenbe güni media beren interwýusynda ýurtdaky howanyň arassalygy we azyk önümleriniň howpsuzlygy ugrunda tutanýerli iş alnyp baryljakdygyny aýtdy.

Hususan-da, ol “Biz ilatyň arassa howadan dem alyp bilmegine hem-de howpsuz suw we azyk önümlerinden peýdalanyp bilmegine mümkinçilik berjek ykdysady ösüş modelini işläp düzeris” diýdi.

Hytaýyň täze premýer-ministri öz hökümetiniň bu iki möhüm problemanyň çözgüdi ugrunda “demir ýumruk we tutanýerli rezolýusiýalar” arkaly iş alyp barjakdygyny nygtady.

Ýekşenbe güni Pekinde Hytaýyň ýokary saýlaw organy bolan halk deputatlarynyň Gurultaýy öz işini tamamlady. Şu Gurultaýyň dowamynda hepdäniň penşenbe güni delegatlar Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň lideri we döwlet lideri wezipesine Si Szinpini tassykladylar.
XS
SM
MD
LG