Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Orta ýer deňzine flot ýollaýar


Ýekşenbe güni Orsýetiň Goranmak ministrligi Orta ýer deňzinde hemişelik gulluk alyp barmaklary üçin ol ýere öz harby flotlarynyň belli bir bölegini ýollamaklygy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Orsýetiň harby-deňiz flotunyň baş komanduýuşhisi, admiral Wiktor Çirkow şu maksat bilen Gara deňiz flotunyň düzüminden bäş-alty sany harby gäminiň Orta ýer deňzine geçiriljekdigini mälim etdi.

Ol muny Orsýetiň bu regiondaky bähbitlerini goramak maksady bilen düşündirdi.

Bu wakadan birneme öň Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň harby güýçleriniň Orta ýer deňzinde-de ýerleşmelidikleri barada çykyş edipdi.

Sowet Soýuzy darganyndan soň, Orsýet Orta ýer deňzindäki 50-ä golaý harby gämisini yzyna çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG