Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň oppozisiýa topary nägile


Albaniýanyn hökümeti häzirki wagt Yrakdaky bosgunlar lagerinde ýaşaýan eýranly oppozision mujaheddinlerden 210-syna syýasy gaçybatalga bermeklige öz razylygyny berdi.

Emma ýekşenbe güni Eýranyň bu oppozision toparynyň sözçüsi Şahin Gobadi syýasy gaçybatalganyň örän az adama hödürlenýändigini aýdyp, Albaniýanyň bu teklibinden özleriniň ýüz öwürmekleriniň mümkindigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, häzirki wagt Bagdadyň golaýyndaky ozalky amerikan harby bazasynyn territoriýasyndaky lagerde Eýranyň oppozision “Mujahedini-Halk” hereketiniň 3 müňden gowrak agzasy ýaşaýar.

Bular Saddam Huseýniň Yragy dolandyran ýyllarynda bu ýurda gaçyp atan eýranly mujaheddinleriň bir bölegi.
XS
SM
MD
LG