Sepleriň elýeterliligi

Karzaý bilen Heýgel gürleşdiler


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen ABŞ-nyň Goranmak sekretary Çak Heýgel käbir harby planlar barada telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdiler.

Hususan-da, bu gürrüňdeşligiň esasy temasy amerikan güýçleriniň gözegçiligindäki tussaghanalary Owganystanyň güýçleriniň gözegçiligine geçirmekdäki käbir jedelli meseleler bilen baglanyşykly boldy.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti bu telefon gürrüňdeşliginde Hamid Karzaý bilen Çak Heýgeliň Bagram howa bazasyndaky türmäniň ýagdaýy bilen baglanyşykly belli bir ylalaşyga gelmek üçin geljek hepde düýpli iş alyp barmak barada netijä gelendiklerini aýtdy.

Birleşen Ştatlar bu türmede saklanýan we howply diýlip hasaplanylýan käbir tussaglaryň tussaglykdan boşadylmajakdyklary barada Owganystan tarapyndan belli bir kepilleriň bolmagyny isleýär.
XS
SM
MD
LG