Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Jelil Mahroh: “Biz öz sungatymyzy tanatmakçy”


Türkmensähraly belli türkmen estrada-pop aýdymçysy Jelil Mahroh.

Türkmensähraly belli türkmen estrada-pop aýdymçysy Jelil Mahroh.

Soňky ýyllarda Eýranda ýaşaýan türkmen aýdymçylary öz aýdym-saz toparlaryny döretdiler. Olar toýlarda we resmi dabaralarda çykyş edýärler.

Türkmensähraly bagşylar, merhum Nazarly Mehjubyny, Gazak Pangy, Durdy Törrigi, Arazmyrat Bahoşyny we Arazmyrat Aryhyny Türkmenistandaky we Owganystandaky türkmenler kän bir tanamaýarlar.

Türkmensährada köp diňlenýän estrada-pop aýdymçylary Kaka Atabaý, Kerim Farjad, Tahyr Akatabaý ýaly aýdymçylar entek, umuman, dünýä türkmenleriniň arasynda-da gowy tanalanok.

Emma Jelil Mahrohyň “Biwepa ýarym”, “Aýyrdylar”, “Merjenim” we “Toýdur“ ýaly aýdymlaryny Türkmensährada dürli ýaşlardaky adamlar söýýärler. Azatlyk Radiosy şu estrada-pop aýdymçysy Jelil Mahroh bilen söhbetdeşik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jelil, Türkmensährada estrada-pop aýdymlarynyň ösüşi, aýdymçylaryň has ady bellileri hakynda gürrüň beräýseňiz?

Jelil Mahroh: Türkmensährada täze ýaş nesilden iň gowy pop aýdymlaryny aýdýanlaryň biri Bender Türkmen şäherinden Latif Sowgudyr. Şamak Wyždanynyň aýdymlary hem has gowy görülýär. Öňki nesilden bolsa Tahyr Atabaýyň we Kaka Atabaýyň atlaryny tutsa bolar.

Azadlyk Radiosy: Siziň özüňiz hem Türkmensähranyň estrada-pop aýdymçylaryndan biri. Biraz özüňiz hakynda-da gürrüň berseňiz?

Jelil Mahroh: Men [häzir] 41 ýaşymda we 30 ýyl bäri toýlarda saz çalýaryn, 20 ýyldan bäri hem öz studiýam bar. Türkmensährada näme aýdym çykýan bolsa, ol meniň elimden geçen. Men türkmen halk aýdymlarynyň, şeýle-de estrada-pop aýdymlarynyň kliplerini öz studiýamda döredýärin.

Häzir biz öz “Küştdepdimizi” PMC kanalyna hödürlemekçi. Ýaşlara türkmeniň donuny we telpegini geýdirip, bir klipi ýazga geçirdik. Biz bu klipde elektro dutar hem çaldyryp, wideo ýazga geçirip, ony PMC ýa-da “Kral” ýaly türk aýdym-saz kanallaryna bermekçi. Türkmensähranyň türkmen aýdymlary entek daşary ýurtlardaky teleýaýlymlarda efire berlenok. Biz bu işi ilkinji gezek etmekçi we ýene 20 günden degişli wideomyz çykýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmensähraly pop aýdymçylary häýsy žanrlarda köp aýdym aýdýarlar?

Jelil Mahroh: Olar söýgi barada aýdýarlar. Toýlarda bolsa, tans edip bolar ýaly, şadyýan, şowhunly aýdymlary köp aýdylýar. Şu wagt bizde güýçli aýdymçylar bar. Biziň saz sungatymyz ösen. Hatda pars doganlarymyzyň toýlarynda hem türkmenler çykyş edýärler we [toý] aýdym-sazlaryny çalýarlar.

Sebäbi türkmenler türk aýdymlaryny olaryň özleri ýaly aýdýarlar. Arap we beýleki dillerdäki aýdymlara hem türkmen aýdymçylarynyň dilleri gowy barýar. Parslar entek biziň deňimize ýetjek bolsalar, köp işleri etmeli. Emma bizde öz hünärimizi görkezmäge mümkinçilik ýok.

Bizi diňe ýurduň çäginde tanaýarlar. Daşary ýurtlarda bizi tanamaýarlar. Eger bizde mümkinçilik bolsa, biz öz sungatymyzy tanatmakçy. Bizi eger biri goldasa we diýse, siz klip çekiň, ony efire bereris diýse, onda biz eýýäm bu işi ederis. Emma bizi goldaýan adam ýok.

Azatlyk Radiosy: Siz öz çykarýan CD we DWD disk ýazgylaryňyzy satyp bilmeýärsiňizmi?

Jelil Mahroh: Biziň CD-lerimiz öý başynda [her öýde] bardyr. Türkmensähranyň her obasyna barsaňyz, Şamagyň we Jeliliň CD-leri bardyr. Ildeşlerimiz bizi gowy sylaýarlar we goldaýarlar. Emma biziň öz CD-lerimizi daşary ýurtlardaky türkmenlere ibermäge mümkinçiligimiz ýok we [muny ýola goýmagy] başarmaýarys. Ýogsam, Türkmensähranyň öz içinde CD-lerimizi ýaýratdyk. Emma daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyza ibermek mümkinçiligmiz ýok.

Azatlyk Radiosy: Günbatar ýurtlarynda “Hip-Hop” ýa-da “Rap” ýaly täze stiller häzir meşhur. Täze aýdym-saz stilleri Türkmensährada nähili garşylanýar?

Jelil Mahroh: Rap Türkmensährada türkmen dilinde ýok. Beýle aýdymlar pars dilinde bar we toýlarda hem aýdylýar. Emma türkmen dilinde beýle aýdymlary halamaýarlar. Bu taýda klassyk halk aýdymlaryny köp söýýärler we gowy diňleýärler.

Gürgen radiosynda hem meniň aýdymlarym birnäçe gezek efire gitdi we meniň bilen söhbtdeşlik hem geçirdiler. Meniň ene-ata baradaky aýdan aýdymym hem bar. Biz olary daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere hem iberip bileris.

Jelil Mahrohyň aýdymlaryny diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG