Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda özbek lideri ýitirim boldy


Täjigistanda ýaşaýan etniki özbekleriň lideri birnäçe günden bäri ýitirim hasaplanýar.

Täjigistanyň Khalton regionynyň Içeri işler ministrliginiň edarasynyň Azatlyk Radiosyna duşenbe güni beren maglumatyna görä, Salim Şamsiddinow 16-njy mart güni ýitirim bolupdyr.

Geçen ýylyň maýynda 58 ýaşly Şamsiddinow näbelli hüjümçiler tarapyndan ýenjilipdi. Mundan öň Şamsiddinow ýerli habar serişdelerine täjik hökümetiniň “milletçilik” syýasatyny alyp barýandygyny nygtap, interwýu beripdi.

Şeýle-de Şamsiddinow Khalton regionynda ýaşaýan etniki özbeklere öz ene dilinde bilim almagyna mümkinçilik döredilmeýändigini hem aýdypdy.

Täjigistanda ýaşaýan etniki özbekleriň sany umumy ilatyň 15% düzýär.
XS
SM
MD
LG