Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwa Zakharçanka gaçybatalga berdi


Belarusyň harby aňtaw gullugynyň ozlaky ofiseri Stsýapan Zakharçanka Litwadan syýasy gaçybatalga berildi.

Zakharçankanyň duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Litwanyň hökümeti bu karary geçen hepde kabul edipdir. Oňa görä, Zakharçanka Ýewropa Bileleşiginde bäş ýyl möhlet bilen galyp bilýär.

Zakharçanka 2011-nji ýylda Litwa gaçyp barmagy bilen, köpleriň ünsüni özüne çekipdi. Ol Belarusda oňa haýbat atylandygy üçin, bu netijä gelendigini aýdypdy.

Zakharçanka ýaragsyz protestçilere garşy ot açmak baradaky karara gol goýmandygy üçin erbet ýenjilendigini we keselhana ýerleşdirilendigini hem gürrüň beripdi.

Belarusyň Goranmak ministrligi bu aýyplamalary iňkär edýär.

Zakharçanka Litwanyň hökümetine juda minnetdardygyny, şeýle-de Bileleşigiň beýleki agza döwletlerine geçmek niýetiniň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG