Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýarag eksportynda Hytaý bäşinji


Hytaý ýarag eksporty boýunça dünýäniň bäşinji döwleti boldy.

Stokgolmyň parahatçylyk boýunça halkara barlag institutynyň maglumatyna laýyklykda, bu ugurda Hytaý Britaniýany hem geçipdir. Hasabata görä, Hytaýdan iň köp ýarag satyn alýan döwlet Pakistan bolup, ol Hytaýyň umumy ýarag eksportunyň 55%-ni düzýär.

Hasabatdaky maglumatlardan çen tutulsa, 2008-2012-nji ýyllar aralygynda, Hytaýyň ýarag eksporty, ondan ozalky bäş ýyllyk möhlet bilen deňeşdirilende, 162% ýokarlanypdyr.

Ýarag eksporty boýunça ilkinji bäş döwlete ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa we Hytaý girýär.
XS
SM
MD
LG