Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garton Aş: ‘Orsýet näme boljagyny kesgitlmeli’


Bolgariýadaky Roma jemgyýetiniň agzalary we goldawçylary protest wagtynda. Sofia, Fransuz ilçihanasynyň öňi.18-nji sentýabr, 2012 ý.
Bolgariýadaky Roma jemgyýetiniň agzalary we goldawçylary protest wagtynda. Sofia, Fransuz ilçihanasynyň öňi.18-nji sentýabr, 2012 ý.
Britan ýazyjysy we taryhçysy Timoti Garton Aş 16-njy martda Brýusselde bolup, German Marşal fondunyň ýyllyk forumyna gatnaşdy.

Bu forumda Demiragazyk Amerikanyň we Ýewropanyň täsirli syýasy, korparatiw we intellektual liderleri Ýewro-Atlantika meselelelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Rikard Jozwiak Timoti Garton Aş bilen Ýewropanyň geljegi barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşiginiň gündogara tarap giňelmek meselesi henizem güýjünde galýarmy?

Garton Aş: Bu örän möhüm mesele. Strategiki taýdan, Ýewropa Bileleşiginiň geljegi üçin, dünýä ilatynyň we ykdysadyýetiniň paýynyň kemelmegi bilen, şeýle-de ýaramaz demografiýa netijesinde, hususan-da Gündogar Ýewropada, meniň pikirimçe, iki sany uly ýurdy, Türkiýe bilen Ukraianany hem goşmak bilen, bize has giňelmek gerek.

Azatlyk Radiosy: Siz häzir ÝB-niň gündogar goňşularynda Ýewropa Bileleşigi babatda barha güýçlenýän sussypeslige näme diýmekçi?

Garton Aş: Tango tansyny etmek üçin iki bolmaly, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine çynlakaý kandidat bolmagy üçin öz ýoluny arçap bilmegi gerek, emma ol şu wagta çenli muny başarmady. Sebäbi ol ýerde Bügül rewolýusiýasyndan soň bir topar ýagşy niýet boldy, emma olar häzir ýatyşdy.
Timoti Garton Aş
Timoti Garton Aş

Polşa Ukrainanyň agzalygy üçin uly goldawçy, ýogsa bu gaty kyn wezipe, şeýle bolansoň men munuň bilen ylalaşýan. Onsoň men Ukraina iki tarapda-da oýnamak isleýär we iki tarapdanam tort alyp, tort iýmek isleýär diýip pikir edýärin.

Meniň pikirim şeýle, Ýewropanyň strategiki nukdaý nazaryndan, Hytaý, Hindistan, Günorta Afrika, Brazil ýaly uly güýçleriň döreýän dünýäsinde, Günbatar tutuşlygyna alanyňda azrak güýje eýe boljak. Giňelmek islemek biziň strategiki bähbidimize bolup durýar we şu sebäpden biz giňemek islemeli.

Azatlyk Radiosy: ÝB-niň geljekde Orsýet bilen gatnaşygy nähili bolmaly?

Garton Aş: Orsýet bir imperiýany ýitirdi, emma entek öz roluny tapmady. Orsýet özüniň näme bolmak isleýändigi barada belli bir karara gelmeli.

Biziň Britaniýada bilmegimize görä, bu biraz wagt alýan mesele. Imperiýa ýitirmek ýeňil zat däl we Orsýet öz imperiýasyny örän gysga wagtda, şol bir wagtda-da örän goldarlykly ýagdaýda, ýagny parahatçylykly ýitirdi, uruşmady.

Haçanda Orsýet özüniň näme bolmak isleýändigi hakynda belli bir karara gelse, ýagny imperiýa bolmak isleýärmi ýa-da bir alternatiw siwilizasiýa, ýa-da Ýewraziýada bir kadaly bir döwlet bolmak isleýär, şuny kesgitlese, biz onuň bilen uzak möhletdäki gatnaşygymyzyň nähili bolmalydygyny kesgitläp bileris. Bu, meniň nukdaý nazarymdan, uzak bolmadyk geljekde, özboluşly gatnaşyklaryň biri bolar.
XS
SM
MD
LG