Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýrana çagyryş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Eýrany öz ýadro programmasy sebäpli dörän dartgynlyklary kemeltmek üçin gyssagly ädimleri ätmäge çagyrýar.

Obama bu çagyryşy duşenbe güni, eýran halkynyň şu hepdäniň aýagynda belleýän Nowruz baýramyna gabatlap ýaýradylan wideoýazgyda etdi.

ABŞ-nyň prezidenti şeýle diýýär: "Indi eýran hökümetiniň dartgynlyklary azaltmak we ýadro meselesini berk, uzagyndan çözmäge tarap gyssagly we manyly ädimleri ätmeginiň wagty geldi."

Obama eger Eýran şeýle herket etse, eýran halky beýleki ýurtlar, şol sanda Birleşen Ştatlar bilen has uly söwdanyň, hyzmatdaşlygyň bähbitlerini görüp başlar diýýär.

Prezident şu hepdäniň aýagynda Ysraýyla we Iordaniýa sapar eder we ol ýerde hem Eýranyň ýadro programmasy baradaky meseläniň gün tertibinde bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG