Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG alban teklibini kabul etmäge çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Yrakdaky eýranly bosgunlary Albaniýanyň gaçybatalga teklibini kabul etmäge çagyrdy.

Eýranyň Milli garşy duruş geňeşiniň agzalary Bagdadyň golaýynda, Birleşen Ştatlaryň ozalky harby bazasynda ýaşaýarlar.

"Mujahetdine-Halk" ýa-da MEK diýip bilinýän oppozision hereketiň üstünden garaýan topar bu teklibi Albaniýanyň diňe 210 agzasyny kabul etmek isleýändigi üçin ret etdi.

BMG bu bazada "Mujahetdine-Halk" oppozision hereketiniň üç müňden gowrak agzasynyň ýaşaýandygyny aýdýar. Ban duşenbe güni BMG-niň beýleki agza döwletlerini hem Albaniýanyň göreldesine eýermäge çagyrdy.

Yragyň hökümeti 1980-nji ýyllaryň Eýran-Yrak urşy mahalynda Saddam Huseýniň goşunlarynyň tarapynda durup söweşen eýranly bosgunlardan dynmak isleýär.

Bu topar Eýranyň ruhany režimine garşy durýar we 2001-nji ýylda zorlukdan el çekýänçä Eýranda kast ediş hüjümlerini amala aşyrdy.
XS
SM
MD
LG