Sepleriň elýeterliligi

Eýrana ýadro meselsinde täze teklipler edilýär


Ýewropa Bileleşigi dünýäniň alty uly döwletiniň Eýrana Tähranyň ýadro gapma-garşylygynyň soňlamagy üçin has anyk teklipleri berendigini aýtdy.

Bu teklipler duşenbe güni Stambulda aýan edildi. Ekspertler derejesindäki gepleşiklerde edilen gysgaça beýanatda ÝB eýran ekspertleriniň bu teklipleri nähili kabul edendigini görkezmedi.

Geçen aý Gazagystanda syýasy derejede geçirilen gepleşiklerde iki tarap tehniki maslahatlary geçirmek barada ylalaşypdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonyň beýanaty duşenbe güni geçirilen duşuşygyň yzyndan ýene bir syýasy derejeli gepleşigiň geçiriljegini tassyk etdi.

Ol duşuşyk 5-6-njy aprelde gazak şäheri Almatyda geçiriler.
XS
SM
MD
LG