Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamalarda 20 adam öldi


ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Yraga goşun girizilmeginiň we uzak wagtlyk lider Saddam Huseýniň agdarylmagynyň on ýyllygynyň bellenilýän güni Bagdatda ulag bombalary ýaryldy, partlamalar boldy we tüpeň sesleri eşidildi.

Yrak resmileri azyndan 20 adamyň öldürilendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Sişenbe güni guralan hüjümlerde yrak paýtagtynyň şaýy mähelleleri nyşana alnan ýaly göründi.

Saddam Huseýiniň agdarylanyna 10 ýyl geçen hem bolsa, howpsuzlyk henizem gowşaklygyna galýar.

Ýogsam soňky ýyllarda zorluk-sütemiň umuman mazaly azalandygy aýdylýar. Soňky hüjümleriň köpüsiniň jogapkärçiligini Al-Kaýda bilen ilteşikli sünni jeňçileri öz üstlerine aldylar, olar ýurtda hökümet durnuklylygyny bozmak isleýärler.

Geçen ýyldan bäri müňlerçe sünni premýer-ministr Nury al-Malikiniň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetine garşy protest geçirýär. Olar hökümeti Yragyň sünni azlygyny gyraklatmakda günäleýärler.
XS
SM
MD
LG