Sepleriň elýeterliligi

Rus resmisi tehas häkimiýetlerini tankytlaýar


3 ýaşly Maks Şatto

3 ýaşly Maks Şatto

Russiýanyň Çagalaryň hukuklary boýunça komissary Pawel Astahow Tehasda sud häkimiýetleriniň bu ýurda ogullyk berlen rus oglanjygynyň ölümi bilen bagly derňewleri ýatyrmak baradaky kararyny berk tankytlady.

Tehasyň resmileri üç ýaşly Maks Şattonyň ölümi bilen bagly onuň öweý ene-atasyna hiç hili aýyplama bildirilmeli däl diýen karara geldiler. Sud oturdaşlary doglanda Maksim Kuzmin ady berlen bu rus oglanjygynyň ölüminde onuň öweý ene-atasyny günäkärläp, jenaýata çekmek üçin delil ýeterlik däl diýen karara geldiler.

Tehas ştatynyň resmileri 1-nji martda agzalýan merhum oglanjygyň özüne ýetiren şikesleri zerarly “gan arteriýasynyň ýyrtylyp”, tötänlikden aradan çykandygyny bellediler.

Astahow sişenbe güni özüniň Twitter sahypasynda: “Tehasly prokurorlaryň tutumy şerifiň we öweý atanyň beren maglumatlaryna; doktorlaryň gelen ilkibaşdaky netijelerine ters gelýär” diýen ýazgyny galdyrdy. Astahow bu meseläni ABŞ-nyň ilçisi Maýkl Makfaul bilen hem gepleşmek isleýändigini belledi.

Ektor okrugynyň aklawçysy Bobbi Bland Azatlyk Radiosyna “jenaýat işiniň ýapylandygyny” aýtdy.

Bland: “Maks Şattonyň ölümi boýunça kimdir biriniň günälidigi subut edilmedi. Biz wakany bolşy ýaly žýurilere ýetirdik. Olaryň özleri indi netijä gelmelidi. Olar hem hiç hili jenaýatyň bolmandygyny öňe sürdüler. Biz bu işiň jenaýat hökmünde derňelmegi bilen bagly ähli hödürlenen resminamalara seretdik. Hemme kişide-de bu hadysa boýunça jenaýat işini gozgamagyň ýerlikli bolmaz diýen düşünje bardy”.

Russiýa nägile

Üç ýaşly Maks Şatto 21-nji ýanwarda Tehasyň Odessadaky keselhanasynda ýogalypdy. Şol wagt onuň bedeninde gök tegmiller hem bardy.

Ýerli resmiler Şattonyň meýdançada oýnaýan wagty, ol ýerdäki oýun üçin niýetlenen desgadan ýykylandygyny, mundan soňra hem tiz kömek gullugynyň çagyrylandygyny aýdýarlar.

Fewral aýynda rus resmileri oglanyň ejeligi Laura Şattony “ganhor” diýip atlandyrdylar. Bu hem öz gezeginde Russiýada güýçli reaksiýa döretdi we ýerli habar serişdelerinde giňden şöhlelendirildi.

Moskwa bu wakany rus çagalarynyň amerikan maşgalalaryna ogullyk-gyzlyk berilmegini gadagan edýän, syýasy matlap bilen kabul edilen kanunyň peýdasyna ulandy.

Bland şikesleri çaganyň öz-özüne seresapsyzlykdan ýetiren bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Bu gelnen netijä protest hökmünde Moskwada ençeme müň adam ýöriş hem geçirdi.

Laura Şatto we onuň adamsy Alan bu waka boýunça habar serişdelerine haýsydyr bir maglumat bermekden ýüz öwürdiler. Žýurileriň duşenbe güni çykaran kararyndan soň Azatlyk Radiosynyň olar bilen habarlaşmak synanyşygy şowsuz boldy.

Emma olaryň aklawçysy Maýkl Brown Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Bu karar bizi, elbetde, begendirýär. Emma bu onçakly garaşylmadyk zat hem däl. Men Laura Şattonyň jenaýata çekilmegini aklyma-da getirip bilemokdym. Žýurler ähli delilleri öwrendiler, netijede olar hem meniň bilen ylalaşdylar”.
XS
SM
MD
LG