Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fulbright programmasy arzalary kabul edýär


ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dolandyrylýan Fullbraýt (Fullbright) programmasy
ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dolandyrylýan Fullbraýt (Fullbright) programmasy
ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dolandyrylýan Fulbraýt (Fulbright) programmasy her ýyl ýüzlerçe daşary ýurtly talyplara ABŞ-da öz bilimini artdyrmaga mümkinçilik döredýän programmalardan diňe biri.

Bu programmadan peýdalanyp ABŞ-a giden türkmenistanlylar hem bar. Eger bu ýyl gitmek isleýänler bar bolsa, olar ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň gözegçiliginde alnyp barylýan bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.

Programma boýunça arzalar kabul edilip başlanypdyr. Azatlyk Radiosy bu programmanyň jikme-jigi bilen gyzyklanyp, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Gregory Porter bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen Fulbraýt stipendiýasy barada gürrüň beräýseňiz?

Greg Porter: Fulbraýt - bu talyplara niýetlenen programma bolup, ol türkmenistanly talyplara, ABŞ-nyň ýüz uniwersitetinden birini saýlap, onda bir ýa-da iki ýyl öz ugrundan bilim almaga, ýagny amerikan uniwersitetiniň magistr derejisini gazanmaga mümkinçilik berýär.

Azatlyk Radiosy: Bu stipendiýa nähili maliýe serişdelerini hödürleýär?

Greg Porter: Bu stipendiýa programmanyň dowamynda ähli çykdaýjylary öz içine alýar, şol sanda Türkmenistandan Amerika çenli iki tarapa uçar bilediniň bahasyny hem doly töleýär.

Ondan başga-da käwagtlar oňlanan kandidatlaryň käbiri iňlis dilini we oňa düşünmek ukybyny ösdürmeli bolýarlar, şeýle ýagdaýda bu sapaklaryň tölegini hem biz öz üstümize alýarys. Bulara goşmaça, uniwersitetiň tölegi we saglyk ätiýaçlygy hem programma tarapyndan doly tölenýär.

Azatlyk Radiosy: Bu stipendiýanyň talaplary nämelerden ybarat? Ýagny, oňa arzany tabşyrmagyň şertleri nähili?

Greg Porter: Bu programmanyň gowy taraplarynyň biri hem stipendiýa üçin arza tabşyrmagyň talaplary örän ýönekeý. Ýagny, arza tabşyrmaga isleg bildirýänler birinji orunda Türkmenistanyň raýatlary bolmaly, dört ýyl uniwersitetde bilim alan ýa-da magistr derejesi bolmaly.

Ikinjiden, olaryň iňlis diliniň derejesi Amerikada okamak üçin ýeterlik derejede bolmaly, öň hem, aýdyşym ýaly, eger gerek bolsa, biz iňlis dilini gowulaşdyrmaga kömek edýäris.

Ondan başga-da kandidatlar özleriniň uniwersitetde okan ugruny gowy bilmeli, mugallymlardan gowy teklipnamalar bolmaly, şeýle hem olaryň öň okan döwründäki bahalary hem gowy bolmaly. Şeýle hem stipendiýa dalaşgärlik edýänler, TOEFL, GRE we GMAT testlerini tabşyrmaly.

Azatlyk Radiosy: Agzap geçen synaglaryňyzy nirede tabşyryp bolar?

Greg Porter: Bu testleri Türkmenistanda hem tabşyryp bolar. Accels bu testi ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirýär. Biz bu testi tabşyrmaga kömek edip bileris, emma bu testler hökmany suratda resmi testler bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Bu testi tabşyrmak üçin Türkmenistanda nirä ýüzlenmeli?

Greg Porter: Biziň özümiz olary hasaba alarys.

Azatlyk Radiosy: Bu testleriň çykdajylaryny kim töleýär?

Greg Porter: Biz onuň harajatlaryny hem töläris.

Azatlyk Radiosy: Fulbraýt stipendiýasyny almak üçin nähilidir bir ýaş çäklendirmeleri barmy?

Greg Porter: Ýok, ýaş bilen bagly hiç hili çäklendirmeler ýok, meniň öň agzap geçen talaplarymy ýerine ýetiren islendik türkmenistanly Fullbraýt programmasyna gatnaşyp biler.

Azatlyk Radiosy: Bu programmadan häzirki döwürde daşary ýurtlarda ýaşap ýören Türkmenistanyň raýatlary hem peýdalanyp bilerlermi?

Greg Porter: Türkmenistanyň raýaty bolan islendik student gatnaşyp bilýär. Arzalary tabşyrmak üçin olaryň Türkmenistanda bolmagy şert däl.

Azatlyk Radiosy: Kandidatlary saýlamak düzgünleri nähili bolýar, ýagny olar haýsy kriteriýalara görä saýlanýarlar?

Greg Porter: Öňem aýdyşym ýaly, biz kandidatlaryň uniwersitetdäki bahalaryna, olaryň mugallymlarynyň ýa-da ýolbaşçylarynyň ýazan teklipnamalaryna köpräk üns berýäris.

Biz şol resminamalary we kandidatlaryň rezýumelerini gözden geçirýäris, şol bir wagtyň özünde-de ýazmaça berlen maglumata goşmaça kandidatlar bilen söhbetdeşlik hem geçirýäris.

Bu bize olaryň nähili adamdygyna we nähili liderdigine düşünmäge kömek edýär. Biz diňe bir ABŞ-nyň uniwersitetine goşant goşjak däl, eýsem gaýdyp gelen wagty Türkmenistany özgertjek adamlary gözleýäris.

Azatlyk Radiosy: Testleri tabşyrmazdan ozal olara nähilidir kömek edilýärmi?

Greg Porter: Hawa, biz taýýarlyk görmäge kömek edýäris. Eger kimdir biri bu mümkinçilikden peýdalanmak islese, biz olary hasaba alarys. Bu kurslar Accelsde geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Stipendiýany gazanan adamlar okuwa alnandan soňky tapgyrlar nämelerden ybarat?

Greg Porter: Haçan-da talyplar saýlananda, Fulbraýt programmasynyň kommisiýasy olaryň atlaryny soňky gezek tassyklatmak üçin Fulbraýt programmasynyň Waşingtondaky baş edarasyna ugradýar.

Ondan soňra Nýu-Ýorkda ýerleşýän Halkara bilim boýunça edara talyplary olaryň gyzyklanýan ugruna laýyklykda amerikan uniwersitetlerine ýerleşdirýär.

Stipendiýanyň kime beriljekdigi, adatça, bir ýyldan soň belli bolýar. Häzirki wagta 2013-nji ýylyň başynda arza tabşyrýanlar 2014-nji okuw ýyly üçin tabşyrýarlar. Bu hem bize ähli zady gözden geçirmäge we, gerek bolsa, saýlanan talyplaryň iňlis dilini ösdürmäge wagt berýär.

Azatlyk Radiosy: Her ýyl bu programma boýunça okuwa näçe adam saýlanýar?

Greg Porter: Adatça, biz arza tabşyranlaryň arasyndan 10 sanysyny saýlap alýarys, olardan hem dört sanysy programma gatnaşmaga mümkinçilik gazanýar.
XS
SM
MD
LG