Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa we Kosowa gepleşik geçirýär


Çarşenbe güni Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi Brýusselde özara gatnaşyklary gowulandyrmaklyga gönükdirilen gepleşik geçirýärler.

Munuň özi 2008-nji ýylda Kosowanyň Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri ýokary derejede geçirilýän ikilenji gepleşikdir.

Ýakynda, şu ýylyň fewral aýynda Ýewropa Bileleşiginiň araçyllyk etmeginde Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç bilen Kosowanyň prezidenti Atifeta Ýahýagi hem Brýusselde ilkinji gezek gepleşik geçiripdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fuele bu gezek Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň geçirýän gepleşiklerinde anyk bir ylalaşyklara gelinmegine umyt edýändigini aýtdy.

2008-nji ýyldan bäri Kosowanyň garaşsyzlygyny dünýäniň 100-e golaý ýurdunyň ykrar edendigine garamazdan, Serbiýa şu çaka çenli Kosowany öz düzüm bölegi hasaplap, onuň garaşsyzlygyny ykrar etmekden ýüz öwrüp gelýär.
XS
SM
MD
LG