Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary gulluga çagyrylýar


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow harby gullukdaky esgerleri zapasa ugratmak we raýatlaryň indiki tapgyryny gulluga çagyrmak barada permana gol çekdi.

Raýatlaryň hökmany harby gulluk borjy baradaky konstitusiýada berkidilen düzgüniň esasynda gol çekilen bu permanda şu ýylyň aprel-iýun aralygynda öz gulluk möhletini tamamlan esgerleriň zapasa ugradylmalydygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, bu permanda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan erkek kişileriň şu ýylyň aprel-iýun aralygynda hökmany harby gulluga çagyrylmalydyklary bellenilýär.
XS
SM
MD
LG