Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Nowruz baýramyna taýýarlanýar


Aşgabatda Nowruz baýramçylygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:34 0:00

Aşgabatda Nowruz baýramçylygy

Türkmenistanda 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Eýranyň döwlet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli resmileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Olardan käbirleriniň, şol sanda Owganystanyň prezidentiniň eýýäm Türkmenistana gelendigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda bu baýramçylyga taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyga taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, onuň geçirilmeli ýerine sapar edendigi we baýramçylyga gatnaşmaly türkmen topary bilen aýratyn gyzyklanandygy aýdylýar.

Esasy baýramçylyk çäreleri

Nowruz baýramynyň esasy baýramçylyk çäreleri Aşgabat-Mary ýolunyň 21-nji kilometrinde, Gäwerse 4 kilometr galýan ýerinde geçiriler. Şol ýoluň günortasynda 1-2 kilometrlik uzaklykda “Toý ýaýlasy” atly meýdança döredilip, bu baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreler üçin ak öýler we çadyrlar dikilipdir.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatyna görä, myhmanlaryň we çärä gatnaşyjylaryň taýýarlyk işlerini aňsatlaşdyrmak üçin Aşgabat bilen ”Toy ýaýlasynyň” arasynda her 20 minutdan awtobus gatnawy ýola goýlupdyr.

Nowruz baýramçylygynda milli tagamlary taýýarlap, myhmanlara hödürlemekden başga-da aýdym sazly konsertler hem geçiriler. Bu konserte gatnaşýanlaryň eýýäm birnäçe wagtdan bäri taýýarlyk görýändikleri barada habar serişdelerinde yzygiderli maglumat berilýär. Emma "Toý ýaýlasynda” geçiriljek halkara dabara ýönekeý adamlaryň tomaşa etmäge goýberilmejekdigi barada hem maglumatlar bar.

Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri diňe "Toý ýaylasynda” däl, Aşgabadyň we Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde hem geçiriler. Baýramçylyk bilen bagly geçirilmeli dabaralaryň arasynda paýtagtyň Watan we Türkmenistan kinokonsert merkezlerinde geçiriljek konsertleri hem agzap bolar.

Aşgabadyň "Älem" dynç alyş merkezinde hem dürli çäreleriň gurnalmagyna garaşylýar.

Nowruza bagyşlanan websahypa

Bu ýyl tebigatyň täzelenmegine gabatlap geçirilýän dabara bilen bagly Nowruz baýramyna bagyşlanan türkmen websahypasy hem döredildi. Onda türkmen halkynyň bu baýramçylygy belleýşi, onda taýýarlaýan tagamlary we däpleri barada berilýän maglumat bilen bir hatarda beýleki ýurtlarda Nowruzyň bellenilişi hakda hem gürrüň edilýär.

Ýurtda bu baýramçylygyň belleniljek 21-nji we 22-nji mart günleri dynç alyş günleri diýlip yglan edildi.

Bu ýyl Türkmenistanda geçiriljek bu baýramçylyk regional derejede geçirilýän şeýle dabaralaryň bäşinjisi bolup, geçen ýyl Nowruz baýramy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilipdi. 2014-nji ýylda bu baýramçylygyň Owganystanda bellenjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG