Sepleriň elýeterliligi

Obama Ysraýyla sapar edýär


Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres (sagda), ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde), Ierusalim, 20-nji mart, 2013.

Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres (sagda), ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde), Ierusalim, 20-nji mart, 2013.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ysraýyla sapar edýär.

Barak Obama bu saparyň dostlugy berkitmek we Ysraýyl döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadyna gönükdirilýändigini aýtdy.

Barak Obamanyň Ysraýylyň ýakynda gaýtadan saýlanan premýer-ministri Benjamin Netanýahu we prezident Şimon Peres bilen gepleşikleriniň gün tertibinde Eýranyň ýadro programmasynyň, Siriýa, Müsür we Palestina problemalary bilen bagly meseleleriň durandygy habar berildi.

Nämä garaşmaly?

Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçiniň orunbasary Benjamin Rods žurnalistler bilen söhbetdeşliginde, gepleşiklerden takyk bir netijelere garaşmaly däldigini, sebäbi Obamanyň täze ýa strategik teklipleri hödürlemekçi däldigini belledi. Benjamin Rods prezident Barak Obamanyň bu saparynyň Ysraýylda täze hökümetiň saýlanmagy bilen baglydygyny aýtdy.

Analitikler Obamanyň ysraýyl halkynyň öňünde çykyş edip, onuň amerikan-ysraýyl dostlugynyň tarapdarydygyna bildirilýän şübheleriň soňuna çykmaga çalyşjakdygyny belleýärler.

Ysraýylyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň öňki orunbasary we Karnegi Merkeziniň bilermeni Ariel Lewit Obamanyň Ysraýylyň kanun çykaryjylary bilen hem duşuşjakdygyny aýdýar. Käbir kanun çykaryjylar ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça diplomatik syýasatyna nägilelik bildirýärler.

Barak Obama Ysraýyla saparynyň dowamynda Holokostyň pidalarynyň ýadygärligine barar.

Ol şeýle-de dipomatik duşuşygy geçirer. Ol 21-nji martda Günbatar kenarda Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen iş tertibinde duşuşar.

Dipomatik duşuşyklar

Ak Tam Obamanyň bu gysga saparynyň “Palestin awtonomiýasyna amerikan goldawyny güýçlendirjekdigini” aýdýar we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň palestin-ysraýyl parahatçylyk prosesini maslahatlaşmagy üçin mümkinçilik berjegini belleýär.

ABŞ Palestinanyň “hiç bir gurama agza bolmadyk synçy statusyna eýe bolmak barada” geçen ýylda BMG-de eden teklibini goldamandy. Bu Palestinanyň döwlet hökmünde gytaklaýyn ykrar edilmegini aňladardy.

Obama bu saparyny Iordaniýada tamamlar. Ol Iordaniýanyň patyşasy Abdylla bilen 70 müň adamyň ölümine sebäp bolan Siriýadaky urşuň soňuna çykmak meselesini maslahat eder.

Parahatçylyk boýunça amerikan institutynyň arap döwletleri boýunça bilermeni Lusi Kurser-Ellenbogen Obamanyň bu saparyndan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady wezipesinden çekilmäge ündemek üçin hem peýdalanjakdygyny çak edýär.

Obamanyň saparynyň başlanan güni peýda bolan tassyklanmadyk maglumatlarda Siriýadaky konflikte gatnaşýan taraplaryň bir-birini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplaýandygy habar berildi.

Obama eger Assadyň güýçleri himiki ýaragy ulansa, munuň ABŞ-nyň Siriýadaky konflikt babatyndaky hereketleri üçin aýgytly pursat boljagyny belledi. Obamanyň bu sözleriniň oppozision güýçlere naderejede degişlidigi belli däl.
XS
SM
MD
LG