Sepleriň elýeterliligi

Kipr ÝB-niň karzyndan ýüz öwürdi


Sişenbe güni Kipriň parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň hödürlän 10 milliard ýewro kreditinden ýüz öwürmekligi karar etdi. Parlamentiň bu baradaky ses berişliginiň öňýany Kiprde kredit almak baradaky bu planlara garşy köpçülikleýin protest çykyşlary gurnaldy.

Ýewropa Bileleşiginiň hödürlän bu krediti Kipriň banklaryndaky uly möçberdäki pul goýumlaryna salynýan salgytlary görnetin ýokarlandyrmaklygy şert edip göýýär. Bu şerte biznesmenler we ýerli raýatlar alada bilen reaksiýa bildirdiler.

Kipriň parlamentiniň kredit baradaky bu tekliplerden ýüz öwürmeginiň yzy bilen, Germaniýanyň maliýe ministri Kipriň esasy banklarynyň adatdan daşary krizis ýagdaýy bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklaryny duýdurdy.

Bu wakanyň fonunda Kipriň maliýe ministri Mihalis Sarris şu gün Orsýetden maliýe ýardamlaryny almak meselelerini maslahatlaşmak üçin Moskwa bardy. Çarşenbe güni Kipriň hökümeti hem bu emele gelen ýagdaýy maslahatdaşmak üçin adatdan daşary maslahat geçirýär.
XS
SM
MD
LG