Sepleriň elýeterliligi

Obama Ysraýyla sapara bardy


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama resmi sapar bilen Ysraýyla bardy.

Bu saparynyň dowamynda Barak Obama Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres we ýakynda ikilenji gezek premýer-ministrlige saýlanan Benýamin Netenýahu dagylar bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

ABŞ-nyň prezident administrasiýasy Obamanyň bu saparynyň barşynda Ysraýylyň howpsuzlygy, Eýranyň abandyrýan ýadro howpy, Siriýadaky uruşlar, Müsürdäki bulagaýçylyklar we Palestina bilen gepleşikler ýaly köpsanly möhüm regional meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berýär.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, amerikan resmileri Ysraýyldaky bu gepleşiklerde möhüm bir kararlara gelner diýlip garaşylmaýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG