Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan demirýoly gurlar


Garagum çölüniň içinden çekilen demir ýol.
Garagum çölüniň içinden çekilen demir ýol.
Aşgabatda türkmen, owgan we täjik prezidentleriniň arasynda üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşygyň netijesinde Türkmenistan, Owganystan we Täjigistan arasynda gurulmaly täze demirýol ulgamy barada özara düşünişmek ähtnamasyna gol çekildi.

Möhüm we wagtynda ädilýän ädim

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan, Owganystan we Täjigistan demir ýoluny gurmak boýunça özara düşünişmek ähtnamasyna gol çekilenden soň guralan metbugat ýygnagynda bu başlangyjyň “halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm we öz wagtynda ädilýän ädim bolup durýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de ol bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň oňa gatnaşýan üç ýurduň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjegini sözüne goşdy.

Türkmen lideriniň metbugat ýygnagynda berlen soraglara jogap berende aýtmagyna görä, bu taslama boýunça 2011-nji ýylyň maýynda, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň Türkmenistana sapary mahalynda ikitaralaýyn çarçuwaly ylalaşyga gol çekilipdir we şondan bäri türkmen demir ýolçulary bu ugurda bar bolan tehniki meseleleri çözmek bilen meşgul bolupdyr.

Tutuş sebite bähbitli iş

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý metbugat ýygnagynda bu teklibi Kabulda eşiden batlaryna ikelläp goldandyklaryny ýatlady. Ol bu hoşniýetli pikiriň owgan halkynyň bähbidine boljagyny, täjik halkyna hem peýda getirjegini belledi.

Şeýle-de prezident Karzaý bu gurluşygyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur bolan işleriň hemmesiniň ýokary derejede alnyp baryljagyny, onuň maýa goýum we beýleki meselelerini wagtynda çözmek üçin owgan tarapynyň elde baryny etjegini aýdyp, bu demirýol ulgamanyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň taryhy waka boljagyny aýtdy.

Täjigistanyň prezidenti Ymamaly Rahmon bu demirýol taslamasynyň örän uly emiýete eýedigini, onuň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky transport-söwda ýoluny has-da gysgaltjagyny belledi.

Mundanam başga, ol bu taslamanyň sebit boýunça bir göreldeli hyzmaty ýerine ýetirjegine, kän-kän iş ýerlerini döretžegine we bu ýurtlaryň halklary üçin diýseň bähbitli boljagyna ynanýandygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistan energiýa mätäçiligini çekýär we eger Owganystanyň üstünden Türkmenistan bilen göni demirýol gatnaşygy ýola goýulsa, resmi Duşenbe Aşgabat bilen göni energiýa hyzmatdaşlygynyň hözirini görüp biler öýdülýär.

Gurluşyk iýulda başlanar

Prezident Berdihmuhamedowyň tassyklamagyna görä, bu demir ýoluň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynyň birinji ongünlüginde başlanar.

Taslama boýunça, täze demirýol ulgamy Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky Atamyrat (öňki ady Kerki) şäherinden başlanyp, takmynan 85 km aralykdaky Ymamnazar şäherçesine geler, soň Owganystana, üç kilometr çemesi uzaklykdaky Akina şäherine uzalar.

Perzident Berdimuhamedow, eger ýeterlik maýa goýumlary bolsa, türkmen demirýolçylarynyň bu demirýol ulgamyny Antgoýa çenli hem gurup biljegini aýtdy.

Owganystanyň perzidenti Hamid Karzaý bilen Täjigistanyň prezidenti Ymamaly Rahmon Aşgabada Nowruz baýramynyň dabaralaryna gatnaşmaga geldi.
XS
SM
MD
LG