Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa-Kosowa gepleşigi tamamlandy


Çarşenbe güni Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň Brýusselde geçiren gepleşikleriniň möhüm bir ylalaşyklara getirmändigi habar berilýär.

Bu gepleşiklere araçyllyk eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton 12 sagat dowam eden bu diskussiýada käbir oňyn alamatlaryň bolandygyny belledi.

Hususan-da, ol bu gepleşiklerde Kosowanyň demirgazygyndaky etniki serbleriň ýaşaýan regiony bilen bagly meselelerde “çözgütlere örän ýakyn gelnendigini” aýtdy.

Öz gezeginde Serbiýanyň we Kosowanyň premýer-ministrleri özara gepleşikleriň dogry ugra gönügendigini belläp, 2-nji aprelde bu gepleşikleri ýene dowam etdirmekligi ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG