Sepleriň elýeterliligi

Barak Obama Palestina sapar edýär


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Palestinanyň Ramallah şäherine sapara bardy. Obama ol ýerde Palestinanyň lideri Mahmud Abbas hem-de käbir beýleki ýokary derejeli resmiler bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Palestin resmileri Palestina degişli territoriýalarda Ysraýylyň alyp barýan gurluşyk işleriniň öňüni almakda Obamanyň administrasiýasynyň tutanýerli hereket etmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edip gelýärler.

Ramallah şäherine saparyndan soň, Barak Obama Ierusalim şäherinde ysraýylly studentleriň öňünde ýörite doklad bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Çarşenbe güni prezident Obama Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bilen duşuşygynda Eýranyň abandyrýan ýadro howpy we Siriýadaky konfliktler ýaly käbir möhüm regional meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
XS
SM
MD
LG