Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Nowruz baýramyny belleýär


Penşenbe güni Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu gezek Türkmenistandaky bu baýramçylyk region derejesindäki halkara baýramçylygyna öwrüldi.

Aşgabadyň eteginde giň gerimde gurnalan esasy baýramçylyk çäresine gatnaşmak üçin bu gezek goňşy ýurtlaryň-da köpüsinden, şol sanda Owganystandan, Eýrandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Tatarystandan we köpsanly beýleki ýurtlardan ýörite resmi delegasiýalar we döredijilik kollektwileri bardylar.

Türkmenistandaky bu Nowruz baýramçylygyna baran ýokary derejeli daşary ýurt resmileriniň hatarynda Owganystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Tatarystanyň prezidentleri-de bar.

Gadymy Nowruz baýramçylygynyň şu günki gün dünýäniň köp ýurtlarynda we milletlerinde giňden bellenýändigine görä, 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Nowruz baýramyna halkara baýramçylygynyň statusyny berdi.
XS
SM
MD
LG