Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde jemgyýetçilik guramalary derňelýär


Adam hukuklaryny goraýan "Memorial" jemgyýetiniň Moskwadaky edarsy.
Adam hukuklaryny goraýan "Memorial" jemgyýetiniň Moskwadaky edarsy.
Ors häkimiýetleri bütin ýurt boýunça hökümetden aýra guramalaryň, şol sanda ýurduň iň uly hukuk guramalarynyň biri bolan “Memorialyň” hem ofisini barlamaga başlady.

“Memorial” jemgyýetiniň başlygy Aleksandr Çerkasow penşenbe güni hökümet derňewçileriniň "başga bir bölümiň wekili bilen" gelendiklerini, ýöne ol başga bölümiň nirä degişlidiginiň aýdylmandygyny gürrüň berdi.

Ol bu derňewler jemgyýetçilik guramalarynyň häzirki kanunlar esasynda işläp-işlemeýändigini anyklamak üçin geçirilýär diýlendigini hem sözüne goşdy.

"Inçekeselli däldigiňi subut et"

Çerkasowyň aýtmagyna görä, Rostow töwereklerinde derňewçiler bir gurama saglyk resmileri bilen gelip, ol ýerde işleýän adamlardan inçekeselli däldiklerini tassyklaýan dokument görkezmeklerini talap edipdirler. Çerkasow şuňa meňzeş barlaglaryň tutuş Orsýet boýunça, hökümetden aýra guramalaryň köpüsinde alnyp barylýandygyny gürrüň berdi.

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary geňeşi penşenbe güni ýurduň baş prokuroryna hat ýollap, jemgytçilik guramalary tarapyndan ýagdyrylýan şikaýat bombalarynyň aşagynda galandygyny habar berdi.

Bu geňeşiň agzasy Pawel Çikow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde müňlerçe guramanyň ofisiniň barlanandygyny aýtdy:

“Olar Sankt Peterburgda 100 guramany derňeýärler, Saratow oblastynda bolsa 70 gurama derňelýär, Krasnodar ülkesinde 40 gurama barlanýar we şuňa meňzeş. Netijede, bu kampaniýa ýurt boýunça birnäçe müň guramany öz içine alýar. Bu derňewler apreliň aýagynda soňlanmaly we Baş prokuratura edilen iş boýunça jemleýji hasabat taýýarlamaly” diýip, Çikow aýtdy.

“Görlüp-eşidilmedik” barlag

Çikow Orsýetiň “Agora” atly hökümetden aýra guramasynyň hem başlygy bolup, bu gurama raýat aktiwistlerine kanunçylyk hyzmatlaryny etmek bilen meşgul bolýar. Ol derňewçileriň örän giň gerimli, köp zady öz içine alýan barlag geçirýändiklerini aýdýar:

“Mysal üçin, Krasnodar ülkesinde hökümetden aýry guramalaryň birnäçesiniň ofislerindäki kompýuterler tutulyp saklandy. Olar birnäçe sebitde milli-medeni awtonomiýalary, dini guramalary barlaýarlar. Mysal üçin, Rostow oblastynda Rim Katolik ybadathanasynyň bölümini barladylar, Nowosibrskide bolsa polisiýa metjide bardy.”

Ol bu derňew kampaniýasyny “görlüp-eşidilmedik” diýip atlandyrdy we beýle zadyň soňky 10 ýylda we ondan öň asla bolmandygyny sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG