Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Ýurduň sport abraýyny nädip dikeltmeli?


Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk instituty. Aşgabat, 2012 ý.

Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk instituty. Aşgabat, 2012 ý.

Türkmenistanda soňky ýyllar sagdyn durmuş ýörelgeleri, şonuň bilen bir wagtda sportyň täze görnüşleri hem döwlet derejesinde wagyz edilýär.

Türkmen hökümeti ýurtda gurulýan uly-uly sport desgalaryna kän serişde harçlaýar.
Oba we şäher ýerlerinde täze gurulýan mekdepleriň sport meýdançalary, üsti ýapyk sport zallary bilen üpjün edilmegine, ýörite sport mekdepleriniň köpelmegine hem aýratyn üns berilýändigi aýdylýar.

Ýöne Türkmenistanda döwlet tarapyndan sporta harçlanýan serişdeleriň nädogry ulanylýandygyny, bu işiň haýal etmän dogry ugra gönükdirilmelidigini hem-de ýurduň sport abraýyny dikeltmelidigini aýdýanlar hem bar.

Eýsem Türkmenistanda sport nähili ösdürilmeli? Bu meselede nähili gözden salynýan meseleler bar? Näme üçin türkmen ilinden çykan tanymal sportsmenler käte ýurt daşynda işleýär? Umuman, ýurduň sport abraýyny nädip dikeltmeli?

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar Nurberdi Nurmämmedow, Aşyrguly Baýryýew, Amanmyrat Bugaýew gatnaşdy.

Söhbetdeşligi diňläp, türkmen sportynyň meseleleri barada öz pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolardyk. Çünki türkmen sportynyň abraýy siziň hem abraýyňyz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG