Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çitlioglu: PKK-niň Öjalana garşy çykmagy kyn bolar


Abdulla Öjalan. 28-nji sentýabr, 1993 ý.
Abdulla Öjalan. 28-nji sentýabr, 1993 ý.
Türkiýedе kanun taýdan gadagan edilеn “Kürdüstan Işçilеr Partiýasy” (“PKK”) atly guramanyň lidеri, tussaglykdaky Abdulla Öjalan pеnşеnbе guni Türkiýä garşy söwеşlеri bеs etmеk barada ýöritе çagyryş etdi.

Onuň edеn bu çagyryşyny pеnşеnbе güni Türkiýäniň Diýarbеkir şähеrindе gurnalan uly dеmonstrasiýada kürt dеputatlaryndan biri okady. Munuň özi 30 ýyla golaý dowam edеn sowеş hеrеkеtlеrinin bеs edilmеginе edilеn çagyryş boldy.

Eýsеm, kürt sеparatistlеriniň lidеriniň edеn bu çagyryşy nähili ähmiýetе eýе? Şu mеsеlе barada Azatlyk Radiosy Türkiýäniň “Bahçеşеhir” uniwеrsitеtiniň Stratеgik barlaglar mеrkеziniň başlygy doktor Erdjan Çitlioglu bilеn sohbеtdеş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu beýanatyň ähmiýeti nämeden ybarat?

Erdjan Çitlioglu: Bu taýda ilki bilen aýratyn belläp geçmeli bir zat bar, ýagny kürtleriň seperatistik toparlarynyň, dürli syýasy guramalarynyň, gozgalaňçylary ol ýa-da beýleki görnüşde goldaýanlaryň, şeýle-de Türkiýedäki kürtleriň arasynda Öjalanyň uly abaraýy bar.

Öjalan Kenýanyň paýtagty Nairobide ele salnandan soň, Türkiýäniň ýörite güýçleri tarapyndan Türkiýä äkidilip barylýar. 5-nji fewral, 1999 ý
Öjalan Kenýanyň paýtagty Nairobide ele salnandan soň, Türkiýäniň ýörite güýçleri tarapyndan Türkiýä äkidilip barylýar. 5-nji fewral, 1999 ý
Öjalanyň beýanatynda has-da üns çekiji ýagdaýlaryň biri onuň diňe bir Türkiýäniň çäklerinde däl, eýsem Ýakyn Gündogardan Mekezi Aziýa sebitine çenli aralykda halklaryň demokratiýalaşmak prosesini we olaryň azatlyk ugrundaky çagyryşlaryny nazara alyp, bu beýanaty edendigini aýtmagydyr.

Men ýaraglaryň tabşyrylmagy, şeýle-de PKK-niň (Kürdüstan Işçiler Partiýasy) Türkiýedäki hereketleriniň ýurduň daşyna çykarylmagy bilen beýleki etniki dawalaryň arasynda taryhy bir arabaglanyşyk görýärin.

Sebäbi, adatça bolşy ýaly, etniki milletçilik hereketleri ýaraglar bilen söweşe başlap, özleriniň talaplaryny, tarapdarlaryny belli edýärler; belli bir wagtdan soň hem, olar ýaragly çaknyşyklary durzup, syýasy arenada hereket edip başlaýarlar. Netijede etniki milletçilik hereketleriniň alyp barýan ýaragly söweşini syýasy göreşe başlamak üçin “giriş” diýip atlandyrsa hem bolar.

Eger-de häzir Türkiýedäki bolýan ýagdaýlara syn etsek, onda şu netijäni çykaryp bolýar, ýagny PKK ýaragly göreş bilen ýetip biläýjek soňky nokadyna ýetdi, ol toparyň bu ugurdaky soňraky hereketleri peýdadan beter zyýan getirip başlady; şunlukda göreşiň ugruny üýtgedip, ony syýasy ýol bilen alyp gitmek baradaky karara gelnen bolmaly. Munuň netijesini-de, belli bir görnüşde Öjalanyň özünden eşitdik.

Netijede Öjalanyň beýanatyny Türkiýede täze bir eýýamyň, täze bir göreşiň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirip bileris. Ýaragly göreşiň ornuna syýasy göreş geldi.

Meniň pikirimçe, bu belli bir derejede ikitaraplaýyn ylalaşyga daýanýan tapgyr bolar. Emma, nähili hem bolsa, başlanan bu döwrüň özüne mahsus kynçylyklary, düşünişmezlik nokatlary hem ýeterlik bolar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýagdaýlaryň kemala gelmeginde türk hökümetiniň nähili roly boldy?

Erdjan Çitlioglu: Dünýäniň islendik döwletiniň, onuň hökümetiniň ilkinji nobatdaky borjy öz raýatlarynyň jan we emläk howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu zatlary başaryp bilmedik hökümetiň zyýan çekjekdigi adaty bir zatdyr.

Bu ýagdaýlary nazara alyp, Türkiýe barada gürrüň ediljek bolsa, onda 30 ýyl töweregi dowam eden ganly çaknyşyklaryň durzulmagy ugrunda milletde talabyň we islegiň dörändigini, munuň netijesinde-de türk hökümetiniň gepleşiklere başlandygyny aýdyp bileris.

Bu aýratyn bellenilmelidir, eger-de halkyň içinde bu ugurda güýçli isleg döremedik bolsa, hökümet bu ädimleri häzirkisi ýaly çalt we ynamly ädip bilmezdi.

Meniň pikirimçe, PKK hem söweş ýoluny dowam etdigiçe, şonça-da meseläniň çözgüdinden uzaklaşýandygyna göz ýetiren bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, Öjalan 10 ýyldan hem aşa wagt bäri tussaglykda saklanylýar. Onuň bu çagyryşy näderejede ygtybarly bolar, ýagny oňa boýun bolarlarmy?

Erdjan Çitlioglu: Has düşnükli bolar ýaly, şu ugurdan düşündirip başlaýyn: PKK-niň ýaragly ganaty düýbi Kandilde ýerleşýän HPG-dir (Halkyň goranmak güýji). HPG bilen Öjalanyň arasynda käbir meseleler boýunça düşünişmezlikleriň bolandygy hiç kim üçin syr däl. Öjalanyň berýän görkezmleriniň we edýän beýanatlarynyň Kandilde täzeden “süzgüçden geçirilýändigini” hem her kim bilýär.

Ýöne, bu taýda başga bir ýagdaý bar. Türkiýedäki kürtleriň arasynda Öjalanyň asla sorag astyna alynmajak, inkär edilmejek bir abraýy bar. Şoňa görä-de, kürtleriň bu ynamyndan peýdalanyp, köplügi ulanyp, Öjalan PKK-a öz sözüni geçirdip bilýär.

Kürtleriň Öjalana bolan sylagy, PKK-niň oňa garşy çykmagyna böwet bolar. Aslynda PKK-niň düzümi kimlerden ybarat? Elbetde, Türkiýede ýa-da ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan kürtlerden.

Olar hem Öjalany özleriniň gürrüňsiz lideri hökmünde ykrar edýärler. Bir sözde aýdylanda, häzir Kandiliň Öjalana ap-açyk garşy durmaga, onuň görkezmelerini sorag astyna almaga hiç hili mümkinçiligi ýokdur.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy siz kürt meselesi boýunça “täze bir eýýamyň” başlanandygyny aýtdyňyz. Bu barada takygrak durup bilersiňizmi?

Erdjan Çitlioglu: Bu döwrüň aňsatlyk bilen geçjekdigini hiç aýdyp bolmaz. Meseläniň soňky 3 ýa 5 aýda çözüljekdigine hem garaşmak ýalňyş bolar. Şunlukda Türkiýäniň öňünde uzaga çekjek, kähalatlarda gynandyrjak bir wagt araçägi bardyr.

Azatlyk Radiosy: “Gynandyrjak” meseleleriň hem boljakdygyny aýtdyňyz? Olar näme?

Erdjan Çitlioglu: Eger-de bu meselä ilkibaşdan seretsek, onda kürt meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini düýbünden islemeýän käbir üçünji taraplar bardyr. Mundan soňky döwrüň içinde bularyň käbir prowokatiw hereketlerine hem şaýat bolmagymyz mümkin. Men şuny göz öňünde tutupdym.
XS
SM
MD
LG