Sepleriň elýeterliligi

Internet hüjüminde Hytaýa güman bildirilýär


Penşenbe güni Günorta Koreýanyň resmileri çarşenbe güni bu ýurduň media serişdeleriniň we banklarynyň internet sistemasyna edilen elektron hüjümleriniň Hytaýdan gözbaş alýandygyny öňe sürdüler.

Günorta Koreýanyň internet prowaýderleri çarşenbe günki internet hüjümini Hytaýdaky haýsydyr bir gurama tarapyndan gurnalan diýip hasaplaýandyklaryny mälim etdiler. Ýöne olar häzirlikçe haýsydyr bir gurama aýyplama bildirerden irdigini bellediler.

Çarşenbe güni Günorta Koreýanyň käbir media serişdeleriniň we banklarynyň internet sistemasyna edilen elektron hüjüminde bu guramalaryň işinde çynlakaý bökdençlikler döredi.

Ozalbaşda Günorta Koreýa bu işde Demirgazyk Koreýa şübhe bildirdi. Bu wakanyň öňýany Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlara garşy hüjüm etmek haýbaty bilen çykyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG