Sepleriň elýeterliligi

Öjalan söweşleri togtatmaga çagyrdy


Türkiýede kanun taýdan gadagan edilen “Kürdüstan Işçiler Partiýasy” atly guramanyň lideri, tussaglykdaky Abdulla Öjalan penşenbe güni Türkiýä garşy söweşleri bes etmek barada ýörite çagyryş etdi.

Onuň eden bu çagyryşyny penşenbe güni Türkiýäniň Diýarbekir şäherinde gurnalan uly demonstrasiýada kürt deputatlaryndan biri okady. Bu gürrüňi edilýän demonstrasiýa 200 müň töweregi adamyň gatnaşandygy habar berilýär.

Kürt separatistleriniň lideri hasaplanylýan Abdylla Öjalan özüniň bu ýüzlenmesinde kürt söweşijilerini Türkiýedäki söweşlerini bes etmeklige we Türkiýäni terk etmeklige çagyrypdyr. Ol indi Türkiýede demokratik proseslere tarap “gapylaryň açylýandygyny” belläpdir.

Onuň bu çagyryşyndan öň Türkiýäniň howpsuzlyk gulluklarynyň resmileri kürt seperatistleriniň liderleri bilen birnäçe aýlap gepleşik geçiripdiler.

Türkiýede kürt separatistik söweşijileri bilen hökümet güýçleriniň arasynda 1984-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ýaragly çaknyşyklarda jemi 40 müň töweregi adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG