Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Geňeşi gündogar goňşulary barada hasabat taýýarlady


Ýewropa Bileleşigi

Ýewropa Bileleşigi

Ýewropa Geňeşi öz gündogar goňşularyndan alty döwletiň syýasy we ykdysady ösüşini öz içine alýan ýyllyk hasabatyny çap etdi. Bu hasabatda Ortaýer deňziniň günortasynda ýerleşýän ýurtlaryň ýagdaýy barada hem gürrüň edilýär. Bu hasabat ÝB-niň bu ýurtlaryň herisine şu ýyl berjek maliýe kömeginiň möçberini kesgitlejek iň esasy dokument bolar.

ÝB-niň Giňeltmek we goňşuçylyk syýasaty boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Stefan Fuele çarşenbe güni Brýusselde eden çykyşynda hasabatda agzalýan bu ýurtlaryň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalarynda ÝB-niň kömeginiň zerurdygyny aýtdy.

"Gündogar Ýewropa boýunça hyzmatdaşlyk toparyna girýän ýurtlaryň öz maksatlaryna ýetmekleri üçin biziň olara yzygiderli goldaw bermegimiz zerur. Meniň pikirimçe, olar ýagty gelejege mynasyp. Men ÝB-niň daşary syýasatynyň iň güýçli guraly barada gürrüň edýärin. ÝB-e agza bolmak isleýän islendik ýurduň, Bileleşige agzalyk boýunça şertnamanyň 49-nji maddasyna laýyklykda, erkinlik, demokratiýa we kanunyň üstünligine hormat goýmak ýaly prinsiplere ygrarly bolmagy zerurdyr” diýip, Fule belledi.

Ermenistan

Bu ýyl çap edilen hasabat Gürjüstanyň, Moldowanyň we belli bir derejede Ermenistanyň iň köp özgeren döwletlerdigini görkezýär. Bu ýurtlar Brýussel tarapyndan goşmaça maliýe serişdeleri bilen sylaglanar.

Agzalýan Geňeş ermeni hökümetini adam hukuklary baradaky kanuny güýje girizmekde we ony iş ýüzünde amala aşyrmakda alyp barýan işlerini hasam artdyrmaga çagyrdy. Şeýle hem hasabatda Ermenistanda ýakynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýüz beren ýetmezçilikleriň düzeldilmelidigi hem aýdylýar.

Şol raportda, umuman aýdylanda, Ermenistanda adamlara ýygnanyşmaga we öz pikirlerini aýtmaga ýol berlendigi, emma ýurtda metbugat azatlygynyň henizem agsaýandygy aýdylýar.

Agzalýan hasabatda Ýerewanyň sud sistemasyny reformirlemek ugrundaky tagallalary we korrupsiýa garşy alyp barýan göreşi hem bellenip geçilipdir.

ÝB Ermenistany aýratynam Daglyk Garabag regionyndaky dawany çözmekde Azerbaýjan bilen ylalaşyga gelmek üçin edýän synanyşyklaryny güýçlendirmäge çagyrýar.

Şeýle-de şol hasabatda Ermenistandan agzalýan region we onuň töweregindäki territoriýalara ÝB-niň wekilleriniň arkaýyn baryp görmegine mümkinçilik döretmek hem talap edilýär.

Bu tankytlara garamazdan, ÝB Ermenistanyň bu ýyl goşmaça maliýe kömegi bilen sylaglanmaga mynasypdygyny aýtdy.

Azerbaýjan

Azerbaýjan Geňeşiň taýýarlan hasabatynda ýene bir gezek tankyt edilýär. Hasabatda Bakuwyň durnukly demokratiýany ornaşdyrmak, esasanam, saylawlar prosesini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny goramak we sud sistemasynyň erkinligini üpjün etmek ýaly maddalar boýunça boýun alan borçlaryny doly berjaý etmek üçin goşmaça alada etmegä çagyrylýar.

Şeýle-de azeri hökümeti žurnalistlere we aktiwistlere garşy amala aşyrylýan dürli zorluklary derňemek boýunça aladalaryny artdyrmaga we ýygnanyşmak we media azatlygy baradaky kanuny halkara standartlarynyň derejesine çykaramaga çagyrylýar.

Ondan başga-da hasabat Bakuwy öz seperatist territoriýasy bolan Daglyk-Garabag babatda Ermenistan bilen ylalaşyga gelmegi hem ündeýär. Şol bir wagtyň özünde-de hasabatda Bakuwyň geçen ýyllardaky raportlarda bellenen käbir kemçilikler, şol sanda paýtagty özgertmek boýunça alyp barylýan işler zerarly adamlaryň öýlerinden mejbury çykarylmagy baradaky problemalary çözmekde azeri ýolbaşçylarynyň üstünlik gazanandygy aýdylýar.

ÝB özüniň ýyllyk hasabatynda Belarusyň ýagdaýyna baha bermekden gaça durupdyr. ÝB, beýleki bäş döwlete edilmeli işler barada maslahat berşi ýaly, Belarusa maslahat bermegiň deregine bu ýurduň häzirki ýagdaýy barada diňe maglumat bermek bilen çäklenipdir. ÝB-niň Minsk bilen syýasy ýol kartasy babatda ylalaşygy ýok.

Alkyşlananlar

ÝB-niň bu ýyllyk hasabatynda aýdylýan alkyşlaryň aglabasy Gürjüstan barada bolupdyr. Raportda Tbilisiniň ÝB-niň söz azatlygyny berkitmek, korrupsiýa garşy göreşmek, ýaşaýan ýerini terk etmeli bolan adamlaryň ýagdaýyny gowulaşdyrmak barada beren maslahatlaryndan peýdalanandygy bellenilýär.

Oktýabr aýynda bolan parlament saýlawlarynyň netijesinde Gürjüstanyň taryhynda hökümetiň ilkinji gezek parahat ýagdaýda çalşylandygy we şol saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilendigi aýdylýar.

ÝB-niň alkyşyny alan ýurtlaryň arasynda Moldowa hem bar. Raport Moldowany aýratynam reformalary amala aşyrmak boýunça postsowet ýurtlaryň arasynda iň öňdebaryjysy diýip häsiýetlendirýär.

Moldowa bilen Gürjüstanyň köp reformalary girizen ýurtlar hökmünde, ÝB tarapyndan goşmaça maliýe kömegi bilen sylaglanjak ýurtlardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG