Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf Pakistana näme üçin dolanýar?


Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarraf, London, 19-njy ýanwar, 2012.
Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarraf, London, 19-njy ýanwar, 2012.

Dört ýyllap ýurduň daşynda sürgünlikde bolan öňki harby ýolbaşçy we prezident Perwez Muşarrafyň şu hepdede ýurduna dolanyp barmagyna garaşylýar. Muşarrafyň Pakistanda dokuz ýyllap ýurdy dolandyran döwri bilen baglylykda jenaýat işine çekilýändigi nazara alnanda, onuň edil häzir ýurduna dolanmak niýeti sorag döredýär.

Şu hepdede Perwez Muşarrafyň Pakistana dolanyp barmagyna garaşylýar. Emma dört ýyllap ýurduň daşynda meýletin sürgünlikde bolan öňki serkerdebaşy we prezident Muşarraf Pakistanda gujak açyp garşylanmajaga meňzeýär.

Muşarraf syýasy karýerasyny dikeltmekçi bolýar we indiki parlament saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýär. Onuň “Pakistanyň musulman ligasy” atly syýasy topary Muşarrafyň 11-nji maýda boljak parlament saýlawlaryna gatnaşjakdygyny tassyklady.

Emma Pakistana dolanmaklyk Muşarraf üçin töwekgelçilikli mesele.

Otstawkadaky general-polkownik Perwez Muşarraf prezident wezipesinden 2008-nji ýylda gapma-garşylykly ýagdaýda çekilipdi, oňa garşy birnäçe jenaýat aýyplamalary öňe sürlüpdi.

Muşarrafa ýöňkelýän günä

Muşarrafa ýöňkelýän iň agyr aýyplamalaryň biri dönüklik, ýagny onuň häkimiýet başyna geçmegine ýol açan 1999-njy ýyldaky harby agdarylyşyga gatnaşygy bilen bagly.

Aýyplamalaryň ýene birinde Muşarrafyň 2007-nji ýylda janyna kast edilip öldürilen premýer-ministr Benazir Bhuttonyň howpsuzlygyny üpjün etmändigi aýdylýar. Bhutto Muşaraffyň syýasy garşydaşy bolupdy.

Muşarraf 2006-njy ýylda Buluçlaryň milletçi lideri Akbar Bugtiniň janyna kast etmekde hem aýyplanýar.

Analitikler Muşarrafyň syýasy karýerasynyň dikeljegine şübhe bildirýärler. Onda Muşarraf, tussag edilmek töwekgelçiligine garamazdan, nämüçin Pakistana dolanyp barýar.

Näme üçin dolanýar?

Muşarraf özüniň Pakistana dolanmak kararyny kommentirlemeýär. Synçylar bolsa dürli çaklamalary öňe sürýärler.

Woodrow Wilson halkara merkeziniň Günorta Aziýa boýnça bilermeni Maýkl Kugelman Muşarrafyň habar serişdeleriniň sesini sem etmäge we sudlara gözegçilik etmäge çalşan, şeýle-de öz häkimiýetini saklamak üçin ýurtda birnäçe gezek adatdan daşary ýagdaýy girizen diktator hökmünde ýakasyny tanadandygyny aýdýar.

Kugelman Muşarrafyň häzir ýurda dolanmak bilen, öz abraýyny dikeltmäge çalyşýan bolmagynyň mümkindigini çak edýär.

Maýkl Kugelmanyň pikiriçe, Pakistan agyr ykdysady kynçylyklardan, energiýa ýetmezçiliginden we harby zorluklardan ejir çekýärkä, Muşarraf özüni ýurduň halasgäri hökmünde görkezmek isleýär.

Muşarraf Pakistanda özüne ýöňkelýän aýyplamalary esassyz duýip atlandyrýar we bu aýyplamalar boýunça sudda jogap bermäge taýýardygyny aýdýar.

“Pakistanyň musulman ligasynyň” baş sekretary Barrister Muhammad Al Saif Muşarrafyň Pakistanda tussag edilmejegini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Pakisatanyň häkimiýetleri Muşarrafyň howpsuzlygyny kepillendirýärler. Bu bolsa Muşarrafyň häzirki wagty Pakistanda adalatly sud edilmek üçin iň amatly pursat diýip hasap edýändigini aňladyp biler.

Syýasy bäsdeşlik

Soňky döwürde ýurduň iň uly syýasy güýji hasaplanýan “Pakistanyň halk partiýasynyň” täsiri gowşap başlady, emma partiýanyň ýolbaşçysy Ali Asif Zardari häkimiýet başynda galýar. Hut Zardariniň Muşarraf üçin iň uly howp bolup durýandygy aýdylýar.

Waşingtonyň Atlantik Geňeşi atly analiz merkeziniň Günorta Aziýa merkeizniň analitigi Şuja Nawaz Muşarrafyň Pakistana dolanmagynyň pakistan harbylarynyň-da göwnünden turmajagyny belleýär.

Nawaz saýlawlaryň Muşarrafa üstünlik getirjegine şübhe bildirýär. Onuň sözlerine görä, Muşarrafyň 2010-njy ýylda sürgünlikde döreden partiýasy 11-nji maýda boljak parlament saýlawlaryna ilkinji gezek gatnaşar. Bu partiýanyň agzalary Pakistanyň regional we milli bileleşiklerine girmeýärler.
XS
SM
MD
LG