Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa Tbilisä nägilelik bildirdi


Anna güni Orsýetiň Daşary işler ministrligi şu hepdäniň başynda Gürjüstan bilen Birleşen Ştatlaryň bilelikde başlan harby türgenleşigini tankyt etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç 12 güne planlaşdyrylýan bu harby türgenleşikleriň Orsýetde alada döredýändigini aýtdy.

Ol Gürjüstana berilýän islendik bir daşarky harby goldawlaryň bu regionda parahatçylygyň we howpsuzlygyň perspektiwalaryna ýaramaz täsir etjekdigini nygtady.

2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstanyň Günorta Osetiýa regionyndaky konfliktler bilen baglanyşykly Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda gysga wagtlyk harby çaknyşyklar ýüze çykypdy.

Şol wakanyň yzy bilenem Orsýet Gürjüstanyň Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlaryny “garaşsyz döwletler” hökmünde ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG