Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen we eýran prezidentleri duşuşdy


Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistana sapara baran Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Eýranyň prezidenti Türkmenistanda geçirilýän Nowruz baýramçylygyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada barypdy.

Penşenbe günki özara gepleşikde iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar. Bu gepleşikde regional we halkara syýasatyna degişli käbir meseleler barada-da gürrüň edilendigi habar berilýär.

Bu gepleşikleriň yzy bilen şol gün prezident Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde “Nowruz – parahatçylygyň we gumanizmiň baýramçylygy” ady bilen gurnalan halkara konferensiýasyna gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG