Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Köpçülik bolup


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

Döredijilik işgärleriniň durmuşy, adatça, dürli hili täsin we geň-taň wakalara baý bolýar. Käte olaryň durmuşyndaky adaty bir zat bolup görünýän wakalar wagtyň geçmegi bilen degişme-ýomaklara öwrülip gidýär.

Bir gije çopan goşunda…

SSSR döwründe aýatda bar-u-ýok ýazyjylaryň belli ýaş senelerini bellemek däbe öwrülen zatdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty (eýesi), edebiýat tankytçysy, kyssaçy, dramaturg Saýlaw Myradow 45 ýaşynda aradan çykypdy.

1989-njy ýylyň dekabrynda paýtagtdan ýörite baran 20-ä golaý ýazyjynyň, ýerly adamlaryň gatnaşmagynda
onuň doglan gününiň 50 ýyllygyny dogduk mekanynda, Balkan welaýatynyň Gazanjyk (häzirki Bereket) etrabynda dabaraly belledik.

Ilki etrabyň Isgender obasyndaky orta mekdebe Türkmenistan hökümetiniň kararyna laýyklykda merhumyň adyny dakyp, onuň edebi muzeýini açdyk. Etrap merkezinde köp sanly adamyň gatnaşmagynda dabara geçirildi.

Dabaranyň toý-şagalaň, meýlis bölegi merhumyň doganoglany, şol wagt etrapda jogapkär wezipede işleýän Nurnepes Aşyrowyň öýünde tutuldy.

Şol meýlis-şgalaňda meniň agam, bagşy Tuwakmyrat Bugaýew aýdym aýtdy. Ol meniň garry atam, XlX asyrda ýaşap geçen türkmen hany Tuwakmyrat Taraş oglynyň ady dakylandy. Şonuň üçinem men onuň adyny “ Atam” diýip tutýardym.

Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň-da tas ählisi oňa “Atam” diýýärdi. Saýlaw neressäniň 50 ýaşyna bagyşlanyp tutulan meýlis gijäniň birwagtuna çenli dowam etdi. Daňa golaý paýtagtdan myhman
baran ýazyjy- şahyrlaryň ählisi argyn başlaryny ýassyga goýup uklady.

Meýlise çagyrlan ýerli adamlaryň-da köpüsi öýüne gaýtdy, käbiri myhmanlaryň gapdalynda ýassyga baş goýdy. Uklamadyk diňe şahyr Nobatguly Rejebowdy. Ol dutaryny gabyna
salyp, turmakçy bolan agama, Tuwakmyrat Bugaýewe:

– Atam, gitmesene, sazandalaryňa-da aýt, saz gurallaryny gabyndan çykarsyn, ýene-de bäş-üç aýdym aýdyp ber – diýip, çyny bilen haýyş etdi.

Atamyň “ Nobatguly jan, görýäň-ä, adamlar ýadaw, ählisi uklap ýatyr. Ertir, enşalla, diňe saňa aýdym aýdip bererin!” diýen jogaby Nobatgulyny kanagatlandyrmady. Ol:

– Atam, sen bu ýatanlara üns berme! Gije ýaryndan soňra depesinden Aý dogan seleň sährany, egrilip, gäwüş çalyp ýatan dowar sürüsini, aýdym-sazyň çyn aşygy, düňle çölde içi gysýan çopany göz öňüne getir! Özüňi çölde içi gysyp oturan çopana hem-de dowar sürüsine aýdym aýdyp beren bagşy hasap et! - diýip, haýyşyny has “düşnükli” dile geçirdi.

Nobatgula hormaty uly Atam-da, onuň sazandalary-da şahyryň raýyny ýykmady.

Ýarym stawka

Ussat Beki Seýtäkow “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň baş redaktory bolup işleýän wagty iş arasyna sähel böwşeňlik düşse, işgärlerini daşyna ýygnap, özi hem-de galamdaşlary bilen bagly degişmeleri aýdyp berýän eken.

Bu degişmelere hemmeler gyzyl-gyran gülüpdir. Diňe şahyr Mämmet Seýit çalaja ýylgyrýan eken. Bu ýagdaýa Beki dädäniň ýeňse damary gatap, gahary gelipdir. Ol günlerde bir
gün Mämmet agany ýanyna çagyryp:

– Mämmet, meniň degişmelerime ähli işgärler hezil edip gülýär. Sen welin diňe çalaja ýylgyrmak bilen oňýaň. Näme, seniň gülki damaryň illeriňkiden üýtgeşikmi? – diýip sorapdyr.
Mämmet aga:

–Ýok, Ýaşulylar soweti, meniňem gülki damarym illeriňki ýaly. Ýöne menden özge işgärler žurnalda doly stawka işleýär, ýagny doly aýlyk alýar. Şonuň üçinem seniň islendik sözüňe gülküleri tutmasa-da uzak, doly gülýärler.

Men bolsa zurnalda ýarym stawka işleýän, ýagny ýarpy aýlyk alýan. Şonuň üçinem meniň ýylgyrmamy ýarym stawka, ýagny doly gülkün ýarysy – hökmünde kabul et ! - diýip, ýagdaýy
düşündiripdir.

Köpçülik bolup

Ir döwürde atly ýazyjy-şahyrlaryň köpüsinde şahsy eýeçilikdäki awtoulag bolardy. Olar çendan-ýarym haýsy hem bolsa bir ýazyjynyň awtoulagyna münüp, şäher içine seýle çykardy, çöle gezelenje giderdi.

Meşhur ýazyjy, alym, SSSR-iň Tunnisdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçsi ýaly jogapkär wezipelerde işlän Gylyç Mämmedowiç Kulyýew-de täze awtoulag satyn alanda yazyjylar Ata Atajanowy, Anna Kowusowy, Allaberdi Haýydowy öýüne myhmançylyga çagyryp:

- Çaý-nahar ýene-de bir sagatdan taýyn boljak. Geliň, şoňa çenli şäher içine täze maşynda gezelenje çykalyň! Şondan soňra arkaýyn oturyp, maşyny “ýuwarys” - diýip teklip edýär.

Olar teklibi kakul edýär. Täze maşynda şähere seýle çykýarlar. Maşynyň rulynda Gylyç Mämmedowiçiň özi oturýar. Gylyç Mämmedowiçden kän ozal şahsy maşyn edinen, özlerini
tejribeli sürüji saýýan Ata Atajanow, Anna Kowusow, Allaberdi Haýydow dagy ýerli – ýerden täze, öwrenje sürüji Gylyç Kulyýewe “tälim” berip ugraýar.

Biri “Gylyç, öňde öwrüm bar, gapdal çyraňy ýak!” diýse, beýlekisi “Gylyç, saga al, yzyňdan gelýän maşyn ozup geçjek bolýar” diýýär. Ýene-de biri “Gylyç, maşyny haýal sürme! Haýal sürseň, matora agram salyp, ony tiz sandan çykararsyň!” diýýär.

Gylyç Mämmedowiçiň sürüjiligine ynamsyzlyk edip, oňa “tälim, öwüt bermegiň” soňy gelmeýär. “Tälimler” ýüregine düşen Gylyç Kulyýew çola köçede awtoulagy saklap:
- Adamlar, şu maşyn meniňki, geliň, köpçülik bolup maşyn sürmegi bes edeliň! Häzir bolsa maşyny yzyna – öýe öwürýän. Näme tälimiňiz bolsa, nahar başynda öwrediň! - diýipdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG