Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emeli köl peýda getirýärmi ýa zyýan?


Garagum çölüniň içinden çekilen zeýkeş.
Garagum çölüniň içinden çekilen zeýkeş.
Üç ýyl mundan öň, 2010-njy ýylyň 23-25-nji martynda Türkmenistanda “Altyn asyr Türkmen kölüniň” sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti” atly halkara ylmy konferensiýa geçirildi.

Türkmen hökümetiniň pikirine görä, bu köl ekerançylyk meýdanlarynda emele gelen şor suwlary bir ýere toplap, gaýtadan ulanamaga, şeýle-de ýerleriň şoruny azaltmaga uly kömek etmelidi.

Emma bu emeli kölüň tankytçylary onuň suwundaky zäherli himiki maddalaryň hem tebigat, hem adamlar üçin zyýanly boljagyny aýtdylar.

Soňky döwürde türkmen metbugatynda millardlap dollar harçlanandygy aýdylýan emeli kölüň gürrüňi edilmeýär diýen ýaly. Eýsem bu köl häzir nähili ýagdaýda? Ondan edilen gowy tamalar çykdymy ýa tankytçylar mamla boldy?

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada Aşgabatda ýaşaýan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG