Sepleriň elýeterliligi

Türkmen goşuny: Ýurt goragyna taýýarlyk nähili?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wertolýotyň öňünde dur.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wertolýotyň öňünde dur.

Türkmenistanyň prezidenti golaýda nobatdaky harby çakylyk baradaky karara gol çekdi. Bu karar esasynda iki ýyl gulluk eden esgerler aprel-iýun aýlarynda gullukdan boşadylar we olaryň ýerine şol güne çenli 18 ýaşy dolan ýigitler harby gulluga alnar.

Golaýda Halkara Strategiki barlaglar institutynyň çap eden ýyllyk hasbatyna görä, Türkmenistanyň Goşunynda aktiw gulluk edýän harbylar 22000 adamdan ybarat.

Şeýle-de hasabatda Türkmen goşunynyň esasan köne sowet harby tehnikasyny ulanýandygy, şol harby tehnikanyň hem ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigi, esgerlere tälim berlişiniň bolsa o diýen öwerlik däldigi aýdylýar.

Ozalky prezident S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda harby bölümler tasdan hojalyk hasaplaşygy ýagdaýyna salnyp, esgerleriň özleri özlerini eklemegiň aladasyny edip başlamaly bolupdylar.

Şonda köçelerde çörek, çilim sorap ýören, egin-eşigi sal-sal esgerleriň hem köpelendigi, harby bölümlerde her dürli bidüzgünçilikleriň adaty bir zada öwrülendigi barada habarlar ýaýrapdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar soňky ýyllar Türkmen goşunynda bir topar gowy özgerişligiň bolandygyny aýdýarlar. Ýöne muňa garamazdan, watan goragçysy bolan esgere garaýyş we çemeleşiş meselesinde entek bir topar kemçiligiň saklanyp galýandygyny aýdýanlar hem bar.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň Türkmen goşuny barada çap eden makalasyna gelen seslenmelerden çen tutulsa, halk içinde ýaş türkmen goşunynyň meseleleri bilen gyzyklanýan, kemçilikleriň derhal düzedilmegini isleýän ýaşlar az däl.

Galyberse, goşun hatarynda gulluk eden ýaşlar bu ugurdaky meseleleri gowy bilýärler. Onsoň biz Azatlyk Radiosynyň nobatdaky "Tegelek stol" söhbetdeşligini Türkmen goşunynyň problemalaryna bagyşlamagy makul bildik we bu söhbete ýaşlaryň has köp goşant goşmagyna umyt baglaýarys.

Şeýlelikde, Türkmen goşunynda ýurt goragyna taýýarlyk nähili?

Pikirleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG